Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife Lahor şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


25.07.2017 | Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň täze edara binasy

Döwlet Baştutanymyz ýüzugra Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň durky täzelenen edara binasynyň ýanynda saklandy we onuň enjamlaşdyrylyşyny synlady.


25.07.2017 | Ýurt Baştutanymyz paýtagtymyzda amala aşyrylýan 15-nji tapgyryň gurluşygy bilen tanyşdy

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy bilen tanyşdy. Bu taslamanyň çäklerinde ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň iri toplumy gurlupdyr.


24.07.2017 | Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary döwletara gepleşikleriniň ösýändigini tassykladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.


24.07.2017 | V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli Aşgabatda we welaýatlarda köpçülikleýin welosipedli ýörişe geçiriler

Tutuş ýurdumyz boýunça—paýtagtymyzda we welaýatlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Aşgabat-2017” taslamasynyň çäklerinde 29-njy iýulda guralmagy göz öňünde tutulýan täze wagyz ediş çäresine - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe taýýarlyk görülýär.


24.07.2017 | Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki işjeňligini beýan etdiler

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy durnukly ösüş, abadançylyk we rowaçlyk üçin şertleri döretmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Daşary ýurtlaryň metbugatynda çap edilýän, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki işiniň dürli ugurlaryny giňden beýan edýän makalalar munuň aýdyň subutnamasydyr.


24.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Kabul şäherinde bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Kabul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


24.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi 60 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.


23.07.2017 | Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynyň şertnamasy ABŞ-nyň 2 million 735 müň dollaryna golaý möçberden ybarat boldy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.


21.07.2017 | Türkmen Lideri Ram Nath Kowindi Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ram Nath Kowindi onuň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter