Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.06.2017 | Seýdylla Täzäýew ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy

Şu gün Hytaýyň Taýpeýinde badalga alan ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleriniň düzüminde Seýdylla Täzäýew tapawutlanyp, 60 kilograma çenli agramlyk derejede grek-rim görnüşi boýunça altyn medala mynasyp boldy.


14.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


14.06.2017 | BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary tamamlandy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Türkmenistana iş sapary tamamlandy.


14.06.2017 | Aşgabatda Täjigistanyň Medeniýet günleri açyldy

Paýtagtymyzda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan täjik kärdeşler bilen bilelikde guraldy.


14.06.2017 | Niderlandlaryň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandr öz gutlagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.


14.06.2017 | Finlýandiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Niýnistýo öz hatynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlady.


14.06.2017 | Daşoguz welaýatynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler

Ýurdumyz boýunça depgini günsaýyn ýokarlanýan galla oragyna şu gün Daşoguz welaýatynyň daýhanlary hem girişdiler. Daşoguz welaýatynda galla oragyna başlamak hormatyna Görogly etrabynyň “Aksaraý” daýhan birleşiginiň gallaçylary mynasyp boldular. Ýaşulular asyrlaryň dowamynda emele gelen asylly däbe görä Beýik biribardan galla oragynyň üstünlikli geçirilmegini dileg etdiler. Soňra olar ýaş nesliň gowşuran oraklaryny alyp, “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen oraga ak pata berdiler hem-de nobaty kombaýnçylara geçirdiler.


14.06.2017 | Türkmenistanda Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Kanun güýje girdi

Türkmenistanda “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Kanun güýje girdi. Bu Kanun sportda dopinge garşy göreşmek babatda işiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.


13.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasyndaky gepleşikler

Türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda gepleşikler geçirildi.


13.06.2017 | Türkmenistanlylar nobatdaky tapgyra çykmaga mümkinçiligini saklap galýarlar

Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň we Bahreýniň ýygyndy toparlarynyň arasynda futbol boýunça Aziýa – 2019 Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşyň üçünji tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. Çekeleşikli oýunda ýer eýeleri 1:2 hasabynda utuldylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter