Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

11.09.2019 | Milli Liderimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşdy

Şu gün paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen forumyň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


11.09.2019 | «Ak kerweniň» ak ýoly

11-nji sentýabrda ýurdumyzda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 18-nji sentýabrda başlanar.


11.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda sözlän sözi

Ilki bilen, sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň şanly wakasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


11.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň ýokary wezipeli wekillerini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, döwlet ministri Emir Turki Bin Muhammed Bin Fahad Bin Abdul Aziz Al Saudy we Saud Arabystany Patyşalygynyň Ösüş gaznasynyň başlygynyň orunbasary hem dolandyryjy müdiri Halid Bin Sulaiman Al Hudairyny kabul etdi.


11.09.2019 | Rumyniýanyň paýtagtynda ýurdumyzyň medeniýeti we taryhy bilen tanyşdyrýan sergi açyldy

10-njy sentýabrda Buharestiň Parlament köşgündäki Konstantin Brankuzi galereýasynda türkmen halkynyň žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Çäräni ýurdumyzyň Buharestdäki Ilçihanasy Rumyniýa-Türkmenistan dostlugy Parlamentara topary bilen bilelikde gurady.


11.09.2019 | Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna

Sizi öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalaryň birine öwrüljek bu gurultaýyň ýokary derejede geçiriljekdigine ynanýaryn.


10.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň esasy bank edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny maliýeleşdirmegiň meseleleri, sanly ykdysadyýete geçmek baradaky maksatnama, halk hojalyk toplumynda taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýumlary çekmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


09.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


09.09.2019 | Sanlaşdyrmak hereketde: telekommunikasiýalar we ekerançylyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda işlenip taýýarlanylan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy maglumat tehnologiýasyny giňden peýdalanmagyň hasabyna halk hojalygynyň pudaklarynyň we ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.


09.09.2019 | Resmi habar

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter