Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

29.03.2017 | Gylyçlaşmak boýunça ussat türgenlerimiz “Alatau gylyçlary” ýaryşynda ýene bir medala eýe boldular

Gazagystanda geçýän “Alatau gylyçlary” atly gylyçlaşmak boýunça halkara ýaryşda ildeşimiz Ahmet Agaýew erkekleriň arasynda “şpaga” agyr söweş ýaragynda gylyçlaşmak boýunça ýaryşda bürünç medaly eýeledi.


29.03.2017 | Daşogzuň babadaýhanlary gowaça ekişine girişdiler

Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri gowaça ekişine girişdiler. Howa ýagdaýyna görä, bu ýerde ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki garanyňda ekiş biraz gijräk başlanýar. Halkymyzyň asylly däbine görä, möhüm möwsüme hormatly ýaşulularyň ak patasy bilen başlandy. Beýik Biribardan mähriban Watanymyza, halkymyza abadançylyk, gülläp ösüş, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işlerine rowaçlyk dileg edip, olar ilkinji tohumlary topraga taşladylar we mehanizatorlara orun berdiler.


29.03.2017 | Türkmenistanda Aziýada iň iri dag-magdan baýlaşdyryjy toplumlaryň biri açylar

Türkmenistanda ilkinji we Aziýada iň iri kärhanalaryň biri bolan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizde täze bir pudagyň –dag-magdan pudagynyň döremegini alamatlandyrar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ähli halk hojalygy toplumyny tiz wagtda senagatlaşdyrmak boýunça öňe sürýän ykdysady syýasatynyň öňdengörüjilikliliginiň aýdyň güwänamasy bolar.


29.03.2017 | Paýtagtymyzyň N.Andalyp şaýolunda döredijilik we şygryýet ýadygärlik –bezeg heýkeltaraşlyk toplumlary bina edildi

Paýtagtymyzda Andalyp şaýolunyň çatrygyndaky köp zolakly halkalaýyn ýollaryň merkezinde gurlan “Döredijilik” we “Şahyr” atly özboluşly heýkeltaraşlyk desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Beýikligi 20 metre barabar bolan “Döredijilik” bezeg-heýkel desgasy ot alawyny alamatlandyrýan hem-de 30 metr diametri bolan sütünlerde ýerleşdirilen gadymy golýazmalaryň şekili görnüşinde metal gurnamadan ybaratdyr.


28.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Marko Mançinini kabul etdi.


28.03.2017 | Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň barşynda iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýanyň Türkmenistana saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň hökümetiniň Baştutany bilen bolan duşuşygyndan soň, iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi.


28.03.2017 | Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy boldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýan bilen duşuşygy geçirildi. Ol düýn uly wekiliýete ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza geldi.


27.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem giňden bellenilýän şanly senelere, taryhy wakalara görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


27.03.2017 | Aşgabatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.


27.03.2017 | Duşak dagy boýunça belentlikdäki ýaryş skaýranning möwsümini açdy

Köpetdag ulgamynyň Duşakerekdag (2482 m.) gerşine ylgaw ýaryşy bilen skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Ine, eýýäm üçünji ýyl alpinizmiň bu gyzykly görnüşi boýunça Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan geçirilýän Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş “Agama” we “Mert” alpinistler klublarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimliginiň ýardam bermegi bilen geçirilýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter