Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.03.2017 | Moskwada geçirilen sambo boýunça dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşlarda türmen türgenleri ýedi medala eýe boldular

Moskwada “A.Harlampiýewiň ýadygärligine” bagyşlanan sambo boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda biziň ildeşlerimiz ýedi medala eýe boldular.


25.03.2017 | Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň möçberi ABŞ-nyň 27 million 960 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.


25.03.2017 | Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar 21-nji maýda möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ýerine saýlawlary geçirmäge taýýarlanýar

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 21-nji maýda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


25.03.2017 | Türkmenistanda gowaça ekişi başlandy, onuň üçin 545 müň gektar ýer bölünip berildi

Şu gün ýurdumyzda gowaça ekişi başlandy. Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Biraz soňra, 29-njy martda olara Daşoguz welaýatynyň ekerançylary hem goşular.


24.03.2017 | V Aziýa oýunlarynyň senasynyň iň gowy görnüşini seçip almak boýunça bäsleşik yglan ediler

Şu gün geçirlen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlarynyň senasyny taýýarlamak boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda degişli bäsleşigi yglan etmek barada tabşyryklary berdi hem-de aprel aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek köpçülikleýin medeni çärelerde Aziadanyň senasynyň görnüşleriniň ýerine ýetirilip başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


24.03.2017 | Türkmenistan Astanada «EKSPO-2017» halkara sergisinde üstünliklerini görkezmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistan Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçiriljek «EKSPO-2017» halkara ýöriteleşdirilen sergisinde üstünliklerini görkezmäge taýýarlyk görýär.


24.03.2017 | 2017-nji ýylda Türkmenistanda 81 müň tonnadan gowrak şaly öndürmek maksat edinilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2017-nji ýylda şaly öndürmek hakyndaky» karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdanda şaly ekip, 81 müň 600 tonna şaly hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär.


24.03.2017 | Awazada ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler.


24.03.2017 | 7-nji aprelde Awazada «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy»atly halkara sport kongresi geçirler

7-nji aprelde Awazada «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy»atly halkara sport kongresi geçirler.


24.03.2017 | 29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary bolar

29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary meýilleşdirildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter