Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannamy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


23.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II we Premýer-ministri hanym Tereza Meýe London şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


23.03.2017 | Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk

Türkmenistanyň Mejlisinde Daniýa Patyşalygynyň Parlamentiniň deputaty, Daniýanyň ÝHHG-daky Parlament Assambleýasynyň wekiliýetiniň başlygy jenap Peter Ýuel Ýenseniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekilçilikli topar bilen duşuşyk boldy.


23.03.2017 | Barmasy çylşyrymly ýerlerde gün batareýalary sanly telefon stansiýalaryny energiýa bilen üpjün ederler

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we internetiň müşderileriniň sany köpelýär, şeýle hem ýokary tehnologiýaly süýümli-optika ugurlary arkaly guralan aragatnaşyk ýaýlymlarynyň sany artýar. Şu ýyl welaýatlaryň barylmagy kyn we alysdaky ýerlerinde ýaşaýan ilaty maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmagyň derejesi görnetin ýokarlanar.


23.03.2017 | Türkmen hemrasy Owganystana öz telegepleşiklerini alyp görkezmäge mümkinçilik berýär

Geostasionar orbitadaky Türkmenistanyň “TürkmenÄlem52oE” hemrasy diňe bir biziň ýurdumyzyň çäklerindäki däl, eýsem, Orta Aziýanyň beýleki döwletleriniň, Eýranyň, Türkiýäniň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýewropanyň döwletleriniň ulanyjylaryna köp görnüşli aragatnaşyk hyzmatlarynyň birnäçesini, şol sanda sanly teleradiogepleşiklerini, telefon aragatnaşygyny, wideomaslahat aragatnaşygyny, maglumatlary ibermegi, hemra Internetini hödürlemäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda “TürkmenÄlem52oE”-niň hemra transponderleriniň ýokary geçirijilik ukyby milli telewideniýäniň we radionyň ähli gepleşiklerini HD görnüşinde görkezmäge mümkinçilik berýär. Milli hemranyň hyzmatlaryndan Türkmenistanyň dürli ministrlikleri we pudak edaralary üstünlikli peýdalanýarlar.


22.03.2017 | Ýurdumyzda ahalteke bedewlere bagyşlanylan“At-myrat”atly film görkezilip başlanyldy

Milli bahar baýramyna gabatlanyp, “At-myrat” atly film ýurdumyzda görkezilip başlanyldy. Bu günler filmiň paýtagtymyzyň “Aşgabat” kino merkezinde we “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde, Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda görkezilişi boldy. Şu aýda milli telewideniýäniň ýaýlymlarynda “At-myrat” filminiň ilkinji görkezilişi boldy.


22.03.2017 | Döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet işgärlerini sarpalamak dabarasy geçirildi.

Mary welaýatynyň Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini we bilim ulgamynyň işgärlerini sarpalamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklary bilen sylaglanyldy.


21.03.2017 | Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,


21.03.2017 | Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklaryna mynasyp boldy

Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistanyň milli medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmekde, medeni mirasy wagyz etmekde, ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik ýörelgeliriniň ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jemlenilmegi we Milli bahar baýramy mynasybetli medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň 55-si Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklary bilen sylaglanyldy.


21.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen medeniýet, bilim işgärleri döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp boldular

Ýurdumyzyň milli medeniýetini, teatr, saz sungatyny, žurnalistikasyny, medeni aň-bilim edaralaryny we bilim ulgamyny ösdürmekde, döredijilik işärlerini taýýarlamakda, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, göreldeli jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin, şeýle hem Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jemlenilmegi we Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permany bilen ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik we bilim işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy we hormatly atlara mynsayp boldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter