Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç hatyny ýollady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife ýurduň Paraçinar hem-de Kwetta şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi.


25.06.2017 | Gresiýanyň Prezidenti diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mynasybetli türkmen Liderine gutlag iberdi

Gresiýanyň we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli iberen hatyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin.


25.06.2017 | Döwlet Baştutanymyz Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň düzümini tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.


24.06.2017 | Aziada-2017 döwründe syýahatçylar üçin dikuçarda tanyşlyk gezelençleri guralar we awiapetekleriň bahasy peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin dikuçarda tanyşlyk gezelençleri guralar hem-de ýerli howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasy peseldiler. Bu baradaky teklibi anna güni, 23-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


24.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Prezidentine Laşkargah şäherinde bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä ýurduň Laşkargah şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


24.06.2017 | Dowamatlylyk Medeniýet hepdeliginiň üçinji gününiň esasy meselesi boldy

Agabatda geçýän Medeniýet hepdeliginiň şu günki güni iri döredijilik çäresine gatnaşyjylar üçin “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyndan başlandy.


24.06.2017 | Ýurdumyzyň Baş muzeýi öz gymmatlyklary baradaky täze neşir bilen tanyşdyrdy

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde medeni mirasy gorap saklamagyň meselelerine bagyşlanylan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde “Milli mirasyň hazynasy” atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy.


24.06.2017 | Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ABŞ-nyň 13,2 milliard dollaryndan gowrak bolan eksport geleşikleri baglaşyldy

Şu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.


23.06.2017 | Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gazy gaýtadan işlemek, aragatnaşyk we bilim ulgamlaryny ösdürmek meselelerine garaldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna, Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatyna degişli, milli we pudaklaýyn maksatnamalary ýerine ýetirmek, öňde boljak halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen iri çäreler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Milli Liderimiziň sebit we dünýä ähmiýetli oňyn başlangyçlaryny ilerletmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.


23.06.2017 | 2017-nji ýylyň 26-njy iýunda Oraza baýramy mynasybetli iş güni däl diýip yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylda Oraza baýramy 26-njy iýunda belleniler. Şol gün iş güni däl diýlip yglan edildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter