Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

14.07.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Hydyrmämedowiç Aradow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.


13.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gitanas Nausedany Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Gitanas Nauseda Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlagyny ýollady.


13.07.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 148-si hasaba alyndy.


13.07.2019 | Ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň iki medaly

Tailand Patyşalygynda ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Ol 9 — 14-nji iýul aralygynda Çonburi şäherinde geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 14 ýurdundan 130 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine 4 türgen we bir emin wekilçilik etdi.


12.07.2019 | Türkmenistanyň daşary syýasaty — Durnukly ösüş maksatlary ýolunda parahatçylyk söýüjilik strategiýasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara derejede netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.


11.07.2019 | Medeniýet — Türkmenistanyň syýasatynyň strategik ugry

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, şolary ýerine ýetirmek üçin täze, döwrebap çözgütleri gözlemegiň zerurdygyny nygtady.


10.07.2019 | Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.


10.07.2019 | Pudagara toparyň mejlisi

Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


10.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Iwan Iwanowiç KUZMINI Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda


09.07.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer babadaýhanlaryna, edermen gallaçylaryna

Sizi berkarar ýurdumyzda galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter