Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.03.2017 | Dohada ýokary derejede türkmen-katar gepleşikleri başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine geldi.


14.03.2017 | Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary başlanýar.


14.03.2017 | Işewürler maslahatyň netijeleri Türkmenistanyň we Kataryň gatnaşyklary işjeňleşdirmäge meýillidiklerini tassyklady

Şu gün, hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine döwlet saparynyň öňüsyrasynda bu ýerde türkmen-katar işewürler maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça täze çemeleşmeleri kesgitlemek hem-de ylalaşmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


14.03.2017 | Dohada Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilelikdäki taslamalar üçin mümkinçilikleri görkezdi

Dohada Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Ol sergi katar hyzmatdaşlaryna döwrebaplaşdyrylan ýokary tehnologiýaly senagata, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň giň görnüşlerini öndürip bilýän gaýtadan işleýän pudaklaryň döwrebap düzümlerine daýanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň ägirt uly gazananlary barada düşünje almaga mümkinçilik berdi.


14.03.2017 | Kataryň paýtagtynda Aşgabat Aziadasyny geçirmegiň Konsepsiýasy görkezildi

Sport ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistan üçin 2017-nji ýylda Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul edýändigini nazara alanyňda möhüm bolup durýar diýlip, Dohada ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynda bellenildi.


14.03.2017 | Kataryň işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen tanyşýarlar

Şu gün Dohada açylýan türkme-katar işewürlik maslahatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara hereket etmek üçin geljegi uly taslamalar görkeziler.


14.03.2017 | Türkmen telekeçileri Katara eksport etmäge taýýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi katar işewürlerine öz kompaniýalarynyň üstünliklerini hem-de maýa goýum taslamalaryny görkezdiler. Dohada geçen ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynyň çäklerinde, şol sanda 16 müňden gowrag agzasy bolan TSTB-niň ulgamynda ykdysady özara gatnaşyk etmegiň usasy ugurlary beýan edildi.


13.03.2017 | Wideoşekilli maslahatda oba hojalyk işleriniň barşyna, ýowara taýýarlyk we beýleki meselelere garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak, şeýle hem giňden bellenilýän şanly senelere, ählihalk ýowaryna taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


13.03.2017 | Aşgabatda geçirilen maslahatda “Simens A.G.” kompaniýasynyň lukmançylyk enjamlary bilen işlemegiň tejribesine garaldy

Aşgabadyň Halkara newrologiýa merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Simens A.G.” kompaniýasynyň öndürýän lukmançylyk enjamlaryny keselleri anyklamakda we bejermekde netijeli ulanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy-usulyýet maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda geçirilýän bu maslahat iki gün dowam eder.


13.03.2017 | Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäkerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary Belarusda sport tanslary boýunça türgenleşikleri geçdi

Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäkerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary Belarusda sport tanslary boýunça türgenleşikleri geçdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter