Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

05.06.2017 | Döwlet sirkinde türkmen we amerikan artistleriniň çykyşlary guraldy

Döwlet sirkinde türkmen we amerikan artistleriniň çykyşlary boldy. Bilelikde taýýarlanan bu maksatnama hakyky dostluk baýramçylygyny alamatlandyrýan halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary syýasatynyň ynsanperwer ugry nazarlaýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.


05.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa boýunça ekologiýa forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi

Türkmenleriň tebigata söýgüsi milli medeniýetde we däp-dessurlarda öz beýanyny tapdy. Tebigata aýawly garamak we ony goramak zerurlygy döwrebap tilsimatlar bilen baýlaşdyrylýar, bu bolsa olary ähliumumy meseleleri netijeli çözmegiň ýollaryny agtarmaga gönükdirýär,-diýlip gutlag hatynda aýdylýar.


04.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II we ýurduň Premýer-ministri Tereza Meýe London şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly, gynanç hatyny iberdi.


03.06.2017 | Aşgabatda halkara pudaklaýyn sergi geçirildi

Iki günüň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurdumyzyň Dokma senagaty pudagynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmen dokmasy-2017” atly Halkara sergisi geçirildi.


03.06.2017 | Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 122 million 952 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 70-si hasaba alyndy.


03.06.2017 | Türkmenistanda 2017-2021-nji ýyllarda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanylýar

Döwletimiziň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň guraýan duşuşygyna Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, hukuk goraýjy düzümleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri gatnaşdylar.


03.06.2017 | Türkmenistanyň mejlisi täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy – hukuk namalarynyň birnäçesini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Onda birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmak üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.


03.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň dokma senagaty-2017» Halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Häzirki ýörüteleşdirilen gözden geçiriliş türkmenistanlylara we halkara jemgyýetçilgine ýurdumyzyň dokma pudagynyň gazanan ýokary netijelerini görkezmäge niýetlenendir,-diýilp Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatynda aýdylýar.


02.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi.


01.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter