Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň ýolbaşçylary bilen möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny ara alyp maslahatlaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna degişli wezipelere, şeýle hem guramaçylyk meseleleri bilen baglanyşykly resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


27.02.2017 | Dünýä kubogy ugrunda awtoýaryşlarda türkmen topary üçünji oruna eýe boldy

Russiýa Federasiýasynda awtosport boýunça “Ralli-reýd” görnüşinde dünýä Kubogynyň nobatdaky tapgyry tamamlandy. Onda ussat sürüjilerimiz bürünç medaly gazanmagy başardylar. Ildeşlerimiz hereketlendirijisiniň sygymy 2,1 we 2,2 litre barabar bolan maşynlarda geçirilen ýaryşlarda şeýle üstünlige mynasyp boldular.


27.02.2017 | Türkmenistandan tansçy jübüt Mogilewda geçirilen halkara bäsleşiklerinde ikinji oruna eýe boldy

Sport tanslary boýunça türkmen türgenleri häzirki wagtda Belarus Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçýärler. Mogilýew şäherinde taýýarlyk çäreleriniň gidişinde açyk tans gözden geçirilişiniň çäklerinde halkara ýaryşy guraldy. Onda biziň ildeşlerimiz Aleksandr Sisekin bilen Waleriýa Nepomnýaşaýa kümüş medala mynasyp boldular.


27.02.2017 | Çehiýada geçirilen halkara ýaryşynda türkmen küştçi zenany tiz oýnamak boýunça ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy

Şu günler Çehiýanyň bu şäherinde on ýurduň türgenleriniň, şol sanda Türkmenistanyň toparynyň gatnaşmagynda halkara ýaryşyna badalga berildi. Şu gün “rapid” (çalt küşt oýnamak) görnüşinde zenanlar toparynda ildeşimiz FIDE-niň ussady Jemal Öwezdurdyýewa tapawutlandy. Ol kümüş medala mynasyp boldy.


27.02.2017 | Türkmen karateçileri Berlinde bir altyn we dört bürünç medala eýe boldular

Şu gün Germaniýanyň paýtagtynda adaty karate boýunça halkara ýaryşy tamamlandy. Onda türkmen türgenleri medallaryň 5-sine – 1 altyn we 4 bürünç medala mynasyp bolup, uly üstünlik gazandylar. Ýaryşa 18 ýurtdan ýüzlerçe türgen gatnaşdy.


27.02.2017 | Ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak özgertmeleriň netijeliligini üpjün eder

Ulag aragatnaşyk pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmekde ähli ugurlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň, wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygy bellenildi.


27.02.2017 | Söwda toplumynyň edaralarynyň we telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi

Söwda toplumy we telekeçilik düzümleriniň hem-de ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmäge, pudaklaýyn meýilnamalary amala aşyrmaga degişli meseleler girizildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzda öndürilýän daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek bar.


27.02.2017 | Obasenagat toplumyny ösdürmekde esasy ylmy-tehnologiýa binýady hökmünde ylmy-barlag institutlarynyň orny ýokarlandyrylar

Oba hojalyk toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri işjeňleşdirmek baradaky talaplaryna üns berildi.


27.02.2017 | Maliýe-ykdysady düzümleriň ýolbaşçylary gulluklaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň iş maslahatyna ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, maliýe we salgyt düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kuwwatly milli ykdysadyýeti kemala getirmegiň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulmagy onuň Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy hem-de ýurdumyzyň durnukly ösmegi üçin zerur şertdigi bilen baglanyşyklydyr.


27.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ministrleri we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlar toplumyna gol çekip, dürli pudaklardaky düzüm ýolbaşçylaryny tassyklady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter