Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.04.2017 | Mejlisiň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp giden, şeýle hem halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň dalaşgärlerine şahadatnamalar gowşuryldy

Möhletinden öň çykyp gidenleriň aýry-aýry saýlaw okruglarynda we welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde degişli saýlaw toparlarynda bellige alnan dalaşgärlere dabaraly ýagdaýda bellenilen nusgada şahadatnamalar gowşuryldy.


24.04.2017 | Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.


23.04.2017 | Türkmenistan — Hytaý: Beýik Ýüpek ýolunyň däpleri dowam etdirilýär

Şu gün Hytaýyň iň iri welaýatlarynyň biri bolan Hubeý welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy bilen Uhan atçylyk kluby tarapyndan biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp guralan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyrylyşy we at çapyşyklary geçirildi. Giň mahabat — wagyz çäreleriniň çäginde geçirilen bu çäräniň baş maksady Aşgabatda geçiriljek oýunlara hem-de hoşniýetli, sagdyn we ruhubelent ýurt hökmünde Türkmenistanyň täze keşbiniň kemala gelmegine ünsi çekmekden ybaratdyr.


23.04.2017 | Türkmen talyplarynyň Belarusda geçirilen ders bäsleşiginde gazanan üstünligi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň geçen hepdede Belarus Respublikasynda nazary mehanika boýunça 13-nji halkara ders bäsleşiginde medallara mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini nobatdaky subutnamasydyr.


23.04.2017 | Aziýanyň iň güýçli agyr atletikaçylary türkmen paýtagtyna ýygnandy

Şu gün Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty badalga aldy. Oňa Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, KHDR-den, Omandan, Kuweýtden, Iordaniýadan, Siriýadan, Yrakdan — jemi 30-dan gowrak ýurtdan agyr atletikaçylaryň 200-e golaýy gatnaşýar. Ýaryşlaryň ilkinji gününiň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Ýulduz Jumabaýewa iki bürünç medala mynasyp boldy.


22.04.2017 | Aşgabatda Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň Kongresi geçirildi

Şu gün “Aşgabat” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň Kongresi geçirildi, onuň barşynda 23-29-njy aprel aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde sportuň bu görnüşi boýunça geçiriljek Aziýa çempionatyny guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän yklym derejeli ýaryşlara Ýaponiýadan, Hytaýdan, Günorta we Demirgazyk Koreýadan, Omandan, Kuweýtden, Iordaniýadan, Siriýadan, Yrakdan – jemi 30-dan gowrak ýurtdan agyr atletikaçylaryň 200-e golaýy gatnaşar.


22.04.2017 | TDHÇMB-da hepdede umumy bahasy 83,4 dollardan gowrak bolan eksport geleşikleri baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.


21.04.2017 | Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkara hyzmatdaşlyk, ykdysady, ekologiýa we medeniýet meselelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.


21.04.2017 | Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady.


21.04.2017 | Hormatly Prezidentimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda Ahalteke bedewlerini öwrenmek boýunça ylmy merkezi döretmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda Ahalteke bedewlerini öwrenmek boýunça ylmy merkezi döretmegi tabşyrdy. Munuň üçin ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumy hem, önümçilik binýady hem bar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter