Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.03.2017 | Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy

Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine-de onuň ady dakyldy. Ýadygärligiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.


07.03.2017 | Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsi boýunça herekete badalga berdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze awtomobil köprüsini açdylar.


07.03.2017 | Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden gurlan täze demir ýol köprüsinden geçdiler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden gurlan täze demir ýol köprüsinden geçen ilkinji ýolagçylar boldular. Körüniň iki goňşy döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky açylyş dabarasyndan soň, otly Türkmenabat-Farap täze ýol bilen Amyderýanyň sag kenaryna tarap ugrady.


07.03.2017 | Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsini açdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze demir ýol köprüsini açdylar.


07.03.2017 | Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: täze köprüler sebit hyzmatdaşlygynyň gerimini giňelder

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew möhüm ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalary bolan Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenabat şäherine geldiler.


06.03.2017 | Resmi habarlar 6-njy Mart

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de ýükleri daşamagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine 100 sany açyk görnüşli wagonlary zawod şertlerinde sement daşaýan ýük wagonlaryna öwrüp, olaryň ulanyş möhletini uzaltmak barada Özbegistan Respublikasynyň “Andižan mehanika zawody” kärhanasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.


06.03.2017 | Türkmenistan we Özbegistan hyzmatdaşlygyň täze derejesinde: Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky gepleşikler

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi.


06.03.2017 | Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň açylmagynyň öň ýanynda bu waka bagyşlanyp owadan bezelen neşir çapdan çykdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Orta Aziýanyň iň uly derýasynyň üstünden gurlan Türkmenabat-Farap täze awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyş dabarasynyň öň ýanynda çap edilen neşir “Türkmenistan geljege – dostluk we ösüş köprülerini gurýar” diýlip atlandyrylýar.


06.03.2017 | Awazada deňiz serişdeleriniň dolandyrylyşyna bagyşlanan halkara okuw maslahaty badalga aldy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty işläp başlady. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty bilen bilelikde guraldy. Okuw maslahatyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň we ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri hem-de halkara bilermenler—deňiz ykdysadyýeti, syýasat, dolandyryş, ekologiýa, deňiz hukugy babatda we beýleki ugurlarda Halkara ummanlar institutynyň ylmy geňeşçileri gatnaşýarlar.


06.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow KHBS-niň öňünde çykyş edip, türkmen-özbek gepleşikleriniň netijelerine umumy baha berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça metbugatyň öňünde eden çykyşynda bu günki duşuşygyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly ýokary hilli itergi bermäge, köpýyllyk, strategik geljek üçin gatnaşyklaryň täze döredijilik esaslarynyň düýbüni tutmaga gönükdirilendigini belledi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter