Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.10.2017 | Medeniýet we sungat ulgamynyň işgärlerine hormatly atlar dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi, resminama laýyklykda ýürdumyzyň milli medenýetini, teatr, kino, aýdym-saz sungatyny, žurnalistikasyny we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmäge, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlary, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli şu medeniýet, sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy:


06.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra gününe bagyşlanan çärä gatnaşdy

6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-doga okalýar, sadakalar berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy. Şu gün bu ýere ir säher bilen ýürek emri bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary geldiler.


05.10.2017 | Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň 2017-nji ýylyň geçen dokuz aýy jemi jemlendi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.


05.10.2017 | Türkmen energetikleri önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň ernergetika pudagynyň işgärleri geçen 9 aýyň dowamynda meýilnama boýunça işleri artygy bilen ýerine ýetirdiler.


05.10.2017 | Türkmenistanyň nebit we gaz toplumy täze açylan ýataklary özleşdirmek meýilleşdirilýär

Nebit we gaz pudagyndan Türkmenistanda täze we geljegi uly ýataklaryň orny kesgitlenilýär. Bu meselä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen 9 aýynyň jemlerinde seredildi.


05.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi

Döwlet baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň dokuz aýyna bagyşlanan mejlisinde degişli resminamalara gol çekdi.


05.10.2017 | Türkmen telekeçileri önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrýarlar

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2017-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36,3 göterim önüm köp öndürildi. Şunda, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 953,9 million manat artdy we ol 42,6 göterim ýokarlandy.


05.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz syýasat boýunça wise-premýeri wezipä belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň dokuz aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowy ykdysadyýet, banklar we halkara maliýe düzümleri bilen işlemek meseleleri boýunça wise-premýeriň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy.


05.10.2017 | Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri bahasy 4,5 milliard dollardan gowrak bolan desgalar bina edildi

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň dokuz ýynda ýylyň başyndan bäri bahasy 4,5 milliard dollardan gowrak bolan desgalar bina edildi. Bu barada Hökümetde gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryna gözegçilik edýän wise-premýer D.Amangeldiýew habar berdi.


05.10.2017 | Statistika baradaky döwlet komiteti: milli ykdysadyýet önümçiligiň durnukly ösüşini görkezýär

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda 2017-nji ýylyň dokuz aýynda pudaklaryň köpüsinde öndürilýän önümleriň möçberleri yzygiderli aptdy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter