Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.02.2017 | Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses berdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda ses berdi.


12.02.2017 | Gündiz sagat bire çenli ýagdaýa görä Türkmenistanyň Prezidentiniň sýlawlarynda saýlawçylaryň dörtden üç bölegine golaýy ses berdi

Şu gün Türkmenistanda ir sagat 7-de ýurduň ähli ýerinde birbada sýlaw uçastoklary açyldy – ýurduň Prezidentiniň saýlawlary badalga aldy. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda hem ses bermek dowam edýär.


12.02.2017 | Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses berdiler

Şu gün ir sagat 7-de ýurdumyzyň ähli ýerinde birwagtda badalga alan Türkmenistanyň Prezidentiniň sýlawlarynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ählisi ses berdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärler saslaw uçastoklaryna ir bilen gelen saýlawçylaryň ilkinjileriniň biri boldular.


12.02.2017 | Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen 39 saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda Prezident saýlawlary geçirilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda raýatlarymyzyň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenilýär.


11.02.2017 | Özbegistanyň Prezidenti BMG-niň Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmegi mynasybetli Türkmenistany gutlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap G.M. Berdimuhamedowa


11.02.2017 | 6 altyn medal we umumytoparlaýyn üçünji orun — Türkmenistanyň toparynyň sambo boýunça Belarusda geçirilen ýaryşda gazanan netijesi

Şu gün Sport köşgünde Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň baýraklary ugrunda “A” derejeli “Sport we söweşjeň sambo boýunça Belarus Respublikasynyň açyk çempionaty” diýen ХХI halkara ýaryşy tamamlandy. Ýaryşyň ikinji güni Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi bäş medala – iki altyn, iki kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldy.


11.02.2017 | Aşgabatda täze binalaryň nobatdaky tapgyry - 14 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş düzümine degişli desgalaryň açylyş dabaralary boldy

Aşgabatda täze binalaryň nobatdaky tapgyry - 14 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş düzümine degişli desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ýüzlerçe maşgalalar Parahat-7 kiçi etrapçasynda we Abadan etrabynda gurlup ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlaryna göçüp geldiler. Şeýle hem paýtagtymyzyň Atatürk köçesiniň ugrunda çörek we çörek önümleri dükanynyň täze binasy hem gapylaryny giňden açdy.


11.02.2017 | Nebit we pagta önümleri eksport birža geleşikleriniň söwdalarynda esasy orun eýeledi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.


10.02.2017 | Türkmenistanyň neşirýat önümleri Minskide halkara kitap sergi-ýarmarkasynda görkezildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy 8-nji fewralda belarus paýtagtynda açylan XXIV Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar.


10.02.2017 | Türkmen samboçylary Minskdäki ýaryşyň birinji gününde ýedi medal gazandylar

Belarusuň paýtagtynyň Sport köşgünde Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň baýragy ugrunda “A” derejeli “Sport we söweş sambosy boýunça Belarus Respublikasynyň açyk çempionaty” diýen XXI Halkara ýaryşy badalga aldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter