Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.03.2017 | 2017-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösmegini dowam edýär

2017-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösmegini dowam edýär. Ýylyň başyndan bäri geçen iki aýyň dowamynda jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Oba hojalygynda ösüş depgini 7,8 göterim, söwdada 16,9 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 14,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi.


03.03.2017 | Ýurdumyzda gowaça ekişi 25-nji martda, demirgazyk sebitde bolsa 29-njy martda başlanar

Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine 25-nji martda, Daşoguzda welaýatynda bolsa 29-njy martda guramaçylykly girişiler. Hormatly ýaşulular asylly däbe görä bu möhüm möwsüme başlap bererler.


03.03.2017 | 18-nji martda ählihalk bag ekmek ýowary geçiriler

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talaba laýyk ideg etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, ýurdumyzda 2017-nji ýylyň 18-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmegi tabşyrdy.


03.03.2017 | Aşgabatda Özbegistanda öndürilen oba hojalyk tehnikalarynyň tanyşdyrylyşy boldy

Aşgabatda Özbegistanyň oba hojalyk tehnikalarynyň “Uzagrotehsanoatholding” paýdarlar jemgyýetiniň Tehniki merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Özbegistandan wekiliýet gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde maşyngurluşyk, hyzmatlar we degişli kärhanalaryň wekilleri bar. Şeýle hem dabara Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň wekilleri, oba hojalyk önümçiliginiň, Ahal welaýatynyň daýhan birleşiginiň işgärleri, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň we Agrar partiýanyň agzalary gatnaşdylar.


03.03.2017 | Paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan çäre geçirildi

“Mekan” köşgünde sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan çäre geçirildi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.


02.03.2017 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.


02.03.2017 | Türkmenistan-BMG: parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzda “Türkmenistan-BMG: parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk” atly dabaraly Halkara maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.


02.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipelere belledi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlara gol çekip, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny belledi.


02.03.2017 | Eýranyň işewür toparlary Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler

Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň XIII ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady. Ol ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Paýtagtymyzda yzygiderli geçirilýän ykdysady forum türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatyny hem-de hyzmatdaşlaryň söwda, ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmasyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


02.03.2017 | Paýtagtymyzda köpgatly awtoulag duralgalary gurulýar

Aşgabadyň gür ilatly ýerlerinde köpgatly döwrebap awtoulag duralgalaryny ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görülýär. Her biri 400 ýa-da 240 awtomobile niýetlenilen duralgalarda alty müňe golaý ulag ýerleşip biler. Häzirki günde telekeçilik düzümleri olaryň altysynda işleri tamamladylar, ýene-de onusyny (3-si 400 orunlyk, we 7-si 240 orunlyk) gurluşyk firmalary şy aýyň dowamynda ulanmaga tabşyrarlar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter