Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti: Aziada-2017 türkmen sportunyň ösüş taryhynda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresde Türkmenstanda 2017-nji ýylda bu ugurda iň iri hem-de wekilçilikli sport çäresiniň - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýularynyň geçirilmegi türkmen sportunyň ösüş taryhynda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrar diýip nygtady.


07.04.2017 | WADA bilen toplumlaýyn hyzmatdaşlyk türkmen sportunyň arassalygyny saklamaga ýardam eder

Türkmen sportunyň arassalygyny saklamak hem-de sportda dopingiň ulanylmagyna garşy göreşi utgaşdyrmak üçin Türkmenstanda Bütindünýä doping agentligi bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerine girişildi. Bu barada şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada halkara sport kongresinde beýan etdi.


07.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresinde söz sözläp çykyş etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada açylan “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresinde söz sözläp çykyş etdi.


07.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti: jynsparazlyga, milleti boýunça kemsidilmeleriň dürli görnüşine, ekstremizme garşy hereket sport hereketiniň taglymynda mäkäm orun aldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada sport kongresinde çykyş edip, häzirki wagtda jynsparazlyga, milleti boýunça kemsidilmeleriň dürli görnüşine, ekstremizme garşy hereket dünýä sport şygarlarynyň birine öwrülendigini, onuň halkara sport hereketiniň taglymynda mäkäm orun alandygyny belledi.


07.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti karate-do-nyň 10-njy danyna mynasyp boldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport hereketini we bu ulgamda hymatdaşlygy ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy üçin karate-do-nyň 10-njy danyna mynasyp boldy.


07.04.2017 | Awazada “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres açyldy

Awazada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres işläp başlady.


07.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi, ol “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara sport kongresine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.


07.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

Bütindünýä saglyk güni adamzadyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, halklary agzybirlige alyp barýan, mähriban halkymyzyň dost-doganlyga bolan synmaz söýgüsini rowaçlandyrýan halkara baýramydyr.


06.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Awazada halkara sport kongresine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Iş saparynyň barşynda Döwlet Baştutanymyz “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresine gatnaşar.


06.04.2017 | Türkmenistanyň we Koreýanyň işewür toparlary hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

Aşgabatda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň işewürler toparlarynyň maslahaty, şeýle hem Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter