Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.04.2017 | Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahaty geçiriler

16-njy maýda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynda birleşigiň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.


28.04.2017 | Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumy ýokary depginlerde gurulýar

2 müň orunlyk Jemagat hojalygy institutynyň täze binalar we desgalar toplumynyň gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda gurluşyk-gurnama işleri doly tamamlanyp, mermer bilen örtmek, enjamlary ornaşdyrmak hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.


28.04.2017 | Aşgabatda ýerasty ulag geçelgesi bolan täze halkalaýyn awtomobil ýoly açyldy

Aşgabatda şäheriň iri köp zolakly çatryklarynyň biri bolan “10 ýyl abadançylyk” şaýoly bilen N.Andalyp köçesiniň çatrygynda gurlan ýerasty ulag geçelgesi bolan halkalaýyn awtomobil ýolunyň açylyş dabarasy boldy.


28.04.2017 | Şeýh Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady

Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu, hakykatdan-da, doganlyk türkmen halkynyň öz şöhratly ata-babalarynyň gadymy ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramdyr.


28.04.2017 | Arheologlar Daňdanakanda alabaýyň gadymy şekilini tapdylar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky Milli müdirligiň arheologlar topary bu gezekki ýazky möwsümde Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän meşhur orta asyr şäheri bolan Daňdanakanda gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Murgap ýaýlasynyň demirgazyk künjeginde, Gadymy Merwden 60 kilometrlikde ýerleşen bu uly bolmadyk şäher ilkinji gezek VIII asyryň orta asyrlar çeşmelerinde ýatlanýar. Ýöne arheologik tapyndylara görä ol araplaryň ýöriişinde has irki döwürde döräpdir.


28.04.2017 | Aşgabatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçiriler

1-nji maýda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygynyň altynjy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi, bu hyzmatdaşlyk köptaraply gatnaşyklaryň netijeli guraly bolup durýar. Türkmenistan 2014-nji ýyldan başlap, häzirki wagta çenli bu düzüme başlyklyk edýär.


27.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisine gatnaşdy

Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisi geçirildi.


27.04.2017 | Milli Liderimiz Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogy we medaly bilen sylaglandy

Halkara atçylyk sport federasiýasynyň baştutany Ingimar De Wos hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda atçylyk sport pudagyny ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogyny we medalyny gowşurdy.


27.04.2017 | Türkmenistan, at keselinden azat zolak derejesine eýe boldy

Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň Aşgabatda geçirilýän nobatdaky mejlisinde Halkara epizotik býurosynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Kazimiras Lukauskas hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda at keselinden azat zolagy döretmek hakyndaky sertifikaty gowşurdy.


27.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň daşary ýurtly agzalaryna döwlet sylaşlaryny gowşurdy

Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň Aşgabatda geçirilýän nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki işiň ösmegine ägirt uly goşant goşandyklary üçin assosiasiýanyň daşary ýurtly agzalary Blank de Toledo Loma Osorio, Eloiza Anemon Flawiýa Žirärgä, Batturdy Ibadullaýewe Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny gowşurdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter