Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz şäherinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge bagyşlanylan iş maslahatyny geçirdi.


25.01.2017 | GDA-nyň synçylar toparynyň ştaby habar neşir etdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda GDA-dan bolan synçylar toparynyň Ştabynyň habaryny getirýäris:


25.01.2017 | Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Ramatowyň ýolbaşçylygynda goňşy döwletiň uly wekiliýeti Aşgabada geldi.


25.01.2017 | Paýtagtymyzdaky Parahat-7 kiçi etrapçada ýaşaýyş jaýlary we çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi

Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsiniň hem-de çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy. Täze degalaryň açylyş dabarasyna paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly şäherliler ýygnandylar. Täze jaýlaryň eýelerini gutlamaga medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, döredijilik toparlary gelip, aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.


25.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi. Ol Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine baştutanlyk edip Aşgabada geldi.


25.01.2017 | Bekmyrat Atalyýew Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy boldy.


25.01.2017 | Türkmenabatda saýlawçylaryň Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy boldy

Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylarynyň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň wekilleriniň, oba zähmetkeşleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçdi.


25.01.2017 | Meretdurdy Gurbanow Daşoguz welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Welaýatyň jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, dürli guramalaryň we kärhanalaryň zähmetkeşleriniň, daýhanlaryň, ýaşlaryň gatnaşmagynda N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk boldy.


25.01.2017 | Serdar Jelilow Balkan welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşyk geçirdi

Deňiz kenarynda ýerleşen şäherde Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär-Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy Serdar Jelilowyň Balkan welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde geçdi. Bu ýere ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.


25.01.2017 | Süleýmannepes Nurnepesow Ahal welaýatynyň saýlawçylaryna saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy

Köpetdag eteginiň saýlawçylarynyň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçirildi. Bu ýere Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter