Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.03.2017 | 29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary bolar

29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary meýilleşdirildi.


24.03.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň käbiriniň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.


23.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannamy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


23.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II we Premýer-ministri hanym Tereza Meýe London şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


23.03.2017 | Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk

Türkmenistanyň Mejlisinde Daniýa Patyşalygynyň Parlamentiniň deputaty, Daniýanyň ÝHHG-daky Parlament Assambleýasynyň wekiliýetiniň başlygy jenap Peter Ýuel Ýenseniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekilçilikli topar bilen duşuşyk boldy.


23.03.2017 | Barmasy çylşyrymly ýerlerde gün batareýalary sanly telefon stansiýalaryny energiýa bilen üpjün ederler

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we internetiň müşderileriniň sany köpelýär, şeýle hem ýokary tehnologiýaly süýümli-optika ugurlary arkaly guralan aragatnaşyk ýaýlymlarynyň sany artýar. Şu ýyl welaýatlaryň barylmagy kyn we alysdaky ýerlerinde ýaşaýan ilaty maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmagyň derejesi görnetin ýokarlanar.


23.03.2017 | Türkmen hemrasy Owganystana öz telegepleşiklerini alyp görkezmäge mümkinçilik berýär

Geostasionar orbitadaky Türkmenistanyň “TürkmenÄlem52oE” hemrasy diňe bir biziň ýurdumyzyň çäklerindäki däl, eýsem, Orta Aziýanyň beýleki döwletleriniň, Eýranyň, Türkiýäniň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýewropanyň döwletleriniň ulanyjylaryna köp görnüşli aragatnaşyk hyzmatlarynyň birnäçesini, şol sanda sanly teleradiogepleşiklerini, telefon aragatnaşygyny, wideomaslahat aragatnaşygyny, maglumatlary ibermegi, hemra Internetini hödürlemäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda “TürkmenÄlem52oE”-niň hemra transponderleriniň ýokary geçirijilik ukyby milli telewideniýäniň we radionyň ähli gepleşiklerini HD görnüşinde görkezmäge mümkinçilik berýär. Milli hemranyň hyzmatlaryndan Türkmenistanyň dürli ministrlikleri we pudak edaralary üstünlikli peýdalanýarlar.


22.03.2017 | Ýurdumyzda ahalteke bedewlere bagyşlanylan“At-myrat”atly film görkezilip başlanyldy

Milli bahar baýramyna gabatlanyp, “At-myrat” atly film ýurdumyzda görkezilip başlanyldy. Bu günler filmiň paýtagtymyzyň “Aşgabat” kino merkezinde we “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde, Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda görkezilişi boldy. Şu aýda milli telewideniýäniň ýaýlymlarynda “At-myrat” filminiň ilkinji görkezilişi boldy.


22.03.2017 | Döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet işgärlerini sarpalamak dabarasy geçirildi.

Mary welaýatynyň Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini we bilim ulgamynyň işgärlerini sarpalamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklary bilen sylaglanyldy.


21.03.2017 | Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter