Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

10.03.2017 | 15-16-njy martda Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine döwlet sapary meýilleşdirildi

15-16-njy martda hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine döwlet sapary meýilleşdirildi. Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ynsanperwer gatnaşyklary, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň hem-de mümkinçilikleriň bar.


10.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti arassa ganly ahalteke bedewleriniň katalogyny döredip başlamalydygyny tabşyrdy

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ahalteke bedewleriniň katalogyny—olaryň gazanan üstünliklerini, gelip çykyşyny we beýleki maglumatlary görkezmek bilen, arassa ganly ahalteke bedewleriniň, dünýä atşynaslygynyň has görnükli wekilleriniň saýlama tohumlarynyň jikme-jik sanawyny düzüp, owadan hem-de esasly nesil daragtyny döredip başlamalydygy barada tabşyryk berdi.


10.03.2017 | Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň klinikalarynda öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi hem-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi açylmaga taýýar edildi.


10.03.2017 | 10-14-nji martda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

10-14-nji martda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek bellenildi. Döredijilik çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň sahna ussatlarynyň konsertini, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň, Garaşsyz Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine, Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna bagyşlanan neşir önümleriniň sergisini, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň duşuşygyny guramak, türkmen kinofilmlerini görkezmek meýilleşdirilýär.


10.03.2017 | Awazada “Hazyna” myhmanhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgediler

Bazar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalar ulgamyny netijeli dolandyrmak maksady bilen görülýän çäreler babatda teklipler taýýarlanylýar.


10.03.2017 | Mart aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty guralar

Mart aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty guralar. Gözden geçiriliş içerki bazaryň täze ugurlaryny üstünlikli özleşdirýän hem-de halkara derejesine çykýan ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň tejribesini, gazananlaryny hem-de artýan kuwwatyny görkezer.


10.03.2017 | Türkmen senagaty durmuş tehnikalarynyň çykarylmagyny özleşdirýär: ýurdumyzyň tozan sorujylary we elektrik demojaklary peýda bolar

Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Senagat ministrligi tarapyndan bu ugurda zerur işleriň amala aşyrylýar.


10.03.2017 | Utgaşykly dolanyşykda işlejek täze elektrik stansiýa üçin hünärmenler öňdebaryjy tejribä laýyklykda taýýarlanylar

Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan ýurdumyzda we daşary döwletlerde hünärmenleri okatmak boýunça meýilnama işlenilip düzüldi.


10.03.2017 | “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


08.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýal-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda enelere, gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp, mukaddeslik hökmünde nesilden-nesle geçip gelýän milli däbidir diýlip aýdylýar. Halk dessanlarymyz, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toy aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes ojagyna wepaly, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter