Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

31.01.2017 | AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda “Balkan” myhmançylykda “Dordoý” topary bilen deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň wise-çempiony “Balkan” AFK-nyň Kubogy—2017 ýaryşynyň deslapky tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirip, utulan çykdy ýaryşynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan Gyrgyzystanyň “Dordoý” topary bilen myhmançylykda deňme-deň (1:1) oýnady.


31.01.2017 | Olimpiýa şäherjiginde daşary ýurtly sport hünärmenleri üçin Açyk gapylar güni geçirildi

Olimpiýa şäherjiginde daşary ýurtly sport hünärmenleriniň gatnaşmagynda Açyk gapylar güni geçirildi. Bu özboluşly çäre şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde Milli olimpiýa komiteti tarapyndan guraldy.


31.01.2017 | Türkmenabatda maýyplar we durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna başlanyldy

Lebap welaýatynyň merkezinde maýyplara we durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlara niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Gurluşyk meýdançasynyň çäkleri baýramçylyk görnüşinde beslenipdir. Bu ýere Mejlisiň başlygy hem-de deputatlary, ýerli häkimiýet edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de bu desgany bina etmek tabşyrylan Zerger demir-beton gurnama zawodynyň gurluşykçylary ýygnandylar.


31.01.2017 | Paýtagtymyzyň saýlawçylary 2-nji fewralda Serdar Jelilow bilen duşuşarlar

Merkezi saýlaw toparynyň habar berşi ýaly, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçiriler.


31.01.2017 | Saýlawçylaryň dykgatyna

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Jelilow bilen duşuşygy bolar.


31.01.2017 | Dalaşgär Meretdurdy Gurbanow Aşgabatda saýlawçylar bilen duşuşdy

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň biri – Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşygy boldy. Bu ýere ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň zähmekeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar.


30.01.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz sebiti durmuş –ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, senagat pudagynda we oba hojalygynda alnyp barylýan işlere üns berdi, şeýle hem halk hojalygynyň pudaklarynyň zähmetkeşleri bilen duşuşdy.


30.01.2017 | Ýurdumyzyň çempionaty tamamlandy, öňde - dünýä çempionaty

Baýramaly şäheriniň sport mekdebinde taekwondo (ITF görnüşi) boýunça Türkmenistanyň çempionaty boldy. Oňa 150-den gowrak türgen gatnaşdy. Umumy toparlaýyn hasapda ýer eýeleri altyn medallaryň 17-sini gazanyp, öňdeligi eýelediler.


30.01.2017 | Meretdurdy Gurbanow Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk boldy. Duşuşyk M.Kemine adyndaky döwlet teatrynda geçdi. Oňa ýerli häkimiýet düzümleriniň, edaralaryň we guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


30.01.2017 | Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy

Şu gün Türkmenabat şäheriniň häkimliginde Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy. Onuň saýlawlaryň öüňsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyşmak üçin ubu ýere ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylary, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri, daýhan birleşikleriň zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter