Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

14.03.2017 | Kataryň paýtagtynda Aşgabat Aziadasyny geçirmegiň Konsepsiýasy görkezildi

Sport ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistan üçin 2017-nji ýylda Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul edýändigini nazara alanyňda möhüm bolup durýar diýlip, Dohada ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynda bellenildi.


14.03.2017 | Kataryň işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen tanyşýarlar

Şu gün Dohada açylýan türkme-katar işewürlik maslahatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara hereket etmek üçin geljegi uly taslamalar görkeziler.


14.03.2017 | Türkmen telekeçileri Katara eksport etmäge taýýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi katar işewürlerine öz kompaniýalarynyň üstünliklerini hem-de maýa goýum taslamalaryny görkezdiler. Dohada geçen ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynyň çäklerinde, şol sanda 16 müňden gowrag agzasy bolan TSTB-niň ulgamynda ykdysady özara gatnaşyk etmegiň usasy ugurlary beýan edildi.


13.03.2017 | Wideoşekilli maslahatda oba hojalyk işleriniň barşyna, ýowara taýýarlyk we beýleki meselelere garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak, şeýle hem giňden bellenilýän şanly senelere, ählihalk ýowaryna taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


13.03.2017 | Aşgabatda geçirilen maslahatda “Simens A.G.” kompaniýasynyň lukmançylyk enjamlary bilen işlemegiň tejribesine garaldy

Aşgabadyň Halkara newrologiýa merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Simens A.G.” kompaniýasynyň öndürýän lukmançylyk enjamlaryny keselleri anyklamakda we bejermekde netijeli ulanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy-usulyýet maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda geçirilýän bu maslahat iki gün dowam eder.


13.03.2017 | Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäkerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary Belarusda sport tanslary boýunça türgenleşikleri geçdi

Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäkerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary Belarusda sport tanslary boýunça türgenleşikleri geçdi.


11.03.2017 | Aşgabatda innowasiýa tehnologiýaly stomatologiýa we oftalmologiýa ylmy merkezleri açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň hem-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasy boldy.


11.03.2017 | Türkmenistan ahalteke bedewlerini Bütindünýä Medeni mirasyň sanawyna goşmak baradaky teklip bilen ÝUNESKO ýüz tutmagy meýilleşdirýär

“Türkmenatlary” Döwlet birleşiginde ýurdumyzyň atçylygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we ahalteke bedewlerini dünýä ýüzünde giňden wagyz etmegiň möhüm wezipelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Oňa pudagyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri, belli atşynaslar, çapyksuwarlar we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.


11.03.2017 | Türkmenistanyň Döwlet haryt-çigmal biržasy şu hepdede ABŞ-niň 40,2 million dollaryna barabar nebit we dokma önümlerini ýerledi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.


10.03.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter