Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

21.01.2017 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, Sizi Täze, 2017-nji ýyl bilen gutlaýaryn!


21.01.2017 | Pudagara toparyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Toparyň geçen 2016-njy ýylda geçiren işleriniň jemleri jemlenildi, bu düzümiň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


21.01.2017 | Ýurdumyzyň iň oňat etrabyna sylag gowşuryldy

Şu gün Lebap welaýat häkimliginde 2016-njy ýylda ýurdumyzda iň oňat etrap diýen ady almak ugrunda yglan edilen bäsleşikde ýeňiş gazanan Farap etrabyna mynasyp bolan sylagyny gowşurmak dabarasy boldy. Şu mynasybetli bu ýere welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, kärendeçiler, ýaşlar ýygnandylar.


21.01.2017 | Saýlawçylar Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär M.Annanepesow bilen duşuşdylar

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylar döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň biri—Azyk senagaty döwler birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bilen duşuşdylar. Bu ýere ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik birleşikleriniň, kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar.


20.01.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine degişli möhüm meselelere garaldy we birnäçe resminamalar kabul edildi.


20.01.2017 | Resmi habarlar 20-nji Ýanwar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


20.01.2017 | 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen saýlawçylaryň nobadaky duşuşyklary geçiriler

2017-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary geçiriler.


20.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Bekmmyrat Atalyýewiň Daşoguz welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşygy geçirildi

Daşoguzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Rysgal” Paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bekmyrat Atalyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.


20.01.2017 | Maksat Annanepesow Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Mary, M.Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.


20.01.2017 | Türkmenbaşyda Ramazan Durdyýew saýlawçylar bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mejlisiň deputaty, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Durdyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde geçirilen duşuşyga ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmet toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter