Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

20.01.2017 | Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda agyz suwy zawody işe girizildi

Lebap welaýatynda suw arassalaýjy desgalaryň döwrebap toplumy işe girizildi. Ol Serdarabat etrabynyň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün eder.


20.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hassan Ruhana Tähran şäherindäki “Plasko” söwda merkeziniň ýumrulmagy netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi.


19.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Mary DES-niň zähmetkeşler toparynyň agzalary bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Marynyň DES-de işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagynyň barşynda zähmetkeşler toparynyň agzalary bilen söhbetdeş bolup, olaryň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdi.


19.01.2017 | 21-nji ýanwarda M.Annanepesow paýtagtymyzyň saýlawçylary bilen duşuşar

Merkezi saýlaw toparynyň habar berşi ýaly, 2017-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” Köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Maksat Annanepesow bilen duşuşygy bolar.


19.01.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary DES-de täze taslamanyň ekologiýa we eksport atykmaçlyklaryna baha berdi

Mary welaýatyna iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow utgaşykly dolanyşykda işleýän gazbugturbinaly elektrostansiýanyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrostansiýa “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça Mary DES-niň çäklerinde bina edilýär.


18.01.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady. Mary şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzyy resmi adamlar garşyladylar.


18.01.2017 | Olimpiýa şäherjiginde geçirilen metbugat maslahaty

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň işewürlik merkezinde şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegine bagyşlanylan metbugat maslahaty boldy.


18.01.2017 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - Obasenagat toplumy

Syn berilýän 2016-njy ýyl hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny döretmäge, azyk howpsuzlygyny hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen agrar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň täze subutnamalaryny äşgär etdi. Geçen ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.


18.01.2017 | Gaýana Respublikasynyň Prezidentinden

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


18.01.2017 | Serbiýa Respublikasynyň Prezidentinden

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter