Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

02.03.2017 | Türkmenistan-BMG: parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzda “Türkmenistan-BMG: parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk” atly dabaraly Halkara maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.


02.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipelere belledi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlara gol çekip, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny belledi.


02.03.2017 | Eýranyň işewür toparlary Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler

Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň XIII ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady. Ol ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Paýtagtymyzda yzygiderli geçirilýän ykdysady forum türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatyny hem-de hyzmatdaşlaryň söwda, ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmasyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


02.03.2017 | Paýtagtymyzda köpgatly awtoulag duralgalary gurulýar

Aşgabadyň gür ilatly ýerlerinde köpgatly döwrebap awtoulag duralgalaryny ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görülýär. Her biri 400 ýa-da 240 awtomobile niýetlenilen duralgalarda alty müňe golaý ulag ýerleşip biler. Häzirki günde telekeçilik düzümleri olaryň altysynda işleri tamamladylar, ýene-de onusyny (3-si 400 orunlyk, we 7-si 240 orunlyk) gurluşyk firmalary şy aýyň dowamynda ulanmaga tabşyrarlar.


02.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagy bilen döwlet we jemgyýetçilik işgärleri gutlaýarlar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz,


02.03.2017 | BMG-niň Baş sekretary döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz,


01.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidentinden

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


01.03.2017 | Paýtagtymyzyň «Berkarar» söwda merkezinde Aziada-2017-niň resmi tumarynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

Ýurdumyzyň taryhynda iň iri sport wakasynyň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna laýyk 200 gün galdy. Tutuş ýurdumyz boýunça öňde boljak ýaryşlara bagyşlanyp mahabat çäreleri geçirilýär. Şu gün paýtagtymyzdaky “Berkarar” söwda merkezinde Aziada-2017-niň tumarynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Wepaly lakamly türkmen alabaýynyň keşbini artistleriň biri ýerine ýetirdi. Öňde boljak oýunlaryň bu nyşany Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň başynda geçirilen mejlisleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy.


01.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden we mähirli gutlaglaryny iberdi.


01.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Pakistan Yslam Respublikasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň ХIII Sammitinе gatnaşmak maksady bilen, Pakistan Yslam Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter