Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

20.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Pranab Mukerjä we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Uttar-Pradeş ştatynda bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.


20.11.2016 | Aýry-aýry saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi

Aşgabat, 20-nji noýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň 24-nji «Duşak», Mary welaýatynyň 119-njy «Atçapar» hem-de 124-nji «Pendi» saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Saýlawlaryň geçişine gözegçiligi amala aşyran synçylaryň bellemegine görä, saýlawlar türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasy türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň bagtly geljeginiň bähbidine döwlet tarapyndan alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýandyklaryny aýdyň görkezdi.


18.11.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna seredildi.


18.11.2016 | Resmi habarlar 18-nji Noýabr

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde işleri pes derejede alyp barandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamämmedow Bäşimmyrat Atamyradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


18.11.2016 | Resmi habarlar 18-nji Noýabr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagatynda innowasion esasda elektron pudagy döretmek we ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat ministrligine elektrik energiýasynyň sarp edilişini hasaba alyjy elektron abzallary öndürýän önümçilik we barlaghana enjamlar toplumlaryny hem-de elektron abzallaryň şaýlaryny satyn almak, olary gurnamak hem-de işe goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş” türk kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.


18.11.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, 2016-njy ýyl Sloweniýa we Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedir, çünki döwletleriňi ikisi hem Garaşsyzlygyň 25 ýyllygyny belleýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de Siziň ýurduňyza hemmetaraplaýyn ösüş we türkmen halkyna abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.


17.11.2016 | Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky duşuşygy geçirilýär

Aşgabat, 17-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi işini dowam etdi. Bu mejlis Hazar sebitiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň täze kadalaşdyryjy—hukuk resminamalarynyň taslamalaryny ylalaşmak maksady bilen geçirilýär.


17.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: medeniýet halkyň kalbydyr

Aşgabat, 17-nji noýabr (TDH). Şu gün “Oguzhan” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halk artisti Fahriýa Aliýewa ýokary döwlet sylagyny – “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni gowşurdy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, medeniýet ministri, milli parlamentiň komitetleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň, Agrar partiýanyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


17.11.2016 | Türkmen söweş sungaty ussatlarynyň bürünç medallary

Şu günler Russiýanyň Medyn şäherinde köptaraplaýyn söweş boýunça dünýä çempionaty dowam edýär, oňa Germaniýadan, Fransiýadan, Finlýandiýadan, Hytaýdan, Ysraýyldan, Eýrandan – jemi 35 ýurtdan türgenleriň 300-e golaýy gatnaşýar. Ýaryşlaryň birinji gününde diňe göreş emellerini peýdalanmak bilen bäsleşilýän görnüş boýunça tutluşyklar geçirildi, onda türkmenistanlylar üç bürünç medala mynasyp boldular.


16.11.2016 | Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy boýunça maslahat geçirilýär

Aşgabat, 16-njy noýabr /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň 47-nji mejlisi işini dowam etdi. Mejlise Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter