Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

14.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda pikirlerini aýtdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


14.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ilýas Umahanowy hem-de Federasiýa Geňeşiniň Reglament we parlament işini guramak baradaky komitetiniň başlygy Wadim Týulpanowy kabul etdi.


14.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Ol Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek boýunça GDA-nyň Synçylar toparynyň baştutany hökmünde Aşgabada geldi.


14.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentinden

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


14.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyndan

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


14.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidentine Gruziýanyň Prezidentinden

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident!


13.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ýeňişi bilen döwlet baştutanlary gutladylar

Ses bermeleriň jemleri Siziň ýokary syýasy abraýyňyzyň, Siziň döwlet Baştutany wezipesinde bitiren işleriňiziň giňden ykrar edilmeginiň, şeýle hem Siziň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini mundan beýläk-de berkitmäge hem-de raýatlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyňyzyň giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr, diýip Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin belleýär.


13.02.2017 | Türkmen türgenleri Buhara oblastynyň kuraş boýunça açyk çempionatynda 14 medala mynsasyp boldular

Biziň toparymyzda ýaryşyň iň ýokary baýragyna Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Muhammet Temirow (81 kg çenli), Hudaýberdi Jumaýew (100 kg çenli), Aýnur Amanowa (52 kg çenli) mynasyp boldular. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň birinji sport mekdebiniň tälimçisi Mariýa Lohowa (78 kg çenli) we Türkmenistanyň kuraş federasiýasynyň türgeni Gülşat Nasyrowa (63 kg çenli) ýaryşyň altyn medalyna mynasyp boldular.


13.02.2017 | Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Hwan Gýo An Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Geçen ýyllarda iki ýurt syýasat, ykdysadyýet, jemgyýet, medeniýet we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürdiler. Siziň 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasyna bolan saparyňyzdan soňra ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň düýpli işjeňleşmegi möhüm ýagdaý bolup durýar.


13.02.2017 | Maldarçylykda işewürlik taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bir ýylyň dowamynda şöhlat önümleriniň ýurdumyza getirilmegini 5,8 esse azaltmaga mümkinçilik berdi

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy 2016-njy ýylda şöhlat önümleriniň daşary ýurtlardan getirilmegini 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,8 esse azaltmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda ilatyň ete, towuk etine, süýde, ýumurtgalara islegleri hususy haryt öndürijileriň hasabyna kanagatlandyrylýar, telekeçiler şeýle hem içerki bazary gök-miwe hem-de bakja önümleriniň esasy bölegi bilen üpjün edýärler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter