Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

05.11.2019 | Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri

Şu gün paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresi ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm ädimdir.


05.11.2019 | Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde ylmy maslahat öz işine başlady.


05.11.2019 | Mary welaýaty pagta taýýarlamak baradaky borçnamasyny ýerine ýetirdi

Şu gün bu ýerde sebitiň pagtaçylarynyň şöhratly zähmet ýeňşi mynasybetli dabara geçirildi. Olar ilkinjileriň hatarynda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri barada hasabat berdiler. Welaýatyň pagtaçy kärendeçileri döwlete 313 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyrdylar.


05.11.2019 | «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bu halkara kitap baýramçylygynyň işine gatnaşmak üçin eziz Diýarymyza gelen myhmanlara, halkara sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata ähli gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýärin.


04.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, şanly senelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


04.11.2019 | Ahal welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda sahawatly türkmen topragyndan welaýat boýunça «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý edendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.


04.11.2019 | Ahal welaýaty pagta taýýarlamak baradaky borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdi

Ahal welaýatynyň ekerançylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky döwlet tabşyrygyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler.


03.11.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.


01.11.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


01.11.2019 | Resmi habarlar

«Kärende hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň Tertibi tassyklanyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter