Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

21.04.2020 | “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany

Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir okyjylara döwlet durmuşynyň hem-de ählumumy gün tertibi boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini beýan edýän makalalary hödürleýär.


21.04.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde halypa çapyksuwarlaryň arasynda Lebap atçylyk sport toplumynda geçiriljek at çapyşygynyň ýeňijisini hem-de 2020-nji ýylyň 25-nji aprelinde geçiriljek «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisini degişli baýraklar bilen sylaglamak bellenildi.


21.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany H.Geldimyradow hakynda

Hojamyrat Geldimyradowy Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellemeli.


21.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.J.Ataýewa hakynda

Sülgün Jumageldiýewna Ataýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.


20.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


19.04.2020 | Behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi

Şu gün, dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişi amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady.


19.04.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.


17.04.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.


17.04.2020 | Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde halkara mediaforum geçirildi. Ol akademiki toparlaryň wekillerini, bilermen syýasatçylaryň, dürli ýurtlaryň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.


17.04.2020 | Oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşine badalga berildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetinden (EMAU) oba hojalyk ylymlarynyň professory Gamlet Martirosýanyň wideosapagy guraldy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter