Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

17.12.2016 | Täze ýylyň öňüsyrasynda guralýan baýramçylyk konserti Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Ozotbek Nazarbekowyň çykyşlary bilen dowam etdi

Şu günler ýurdumyzyň we halkymyzyň Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görýän pursatlarynda paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli konsertler tapgyry geçrilýär. Bu gün Täze ýylyň öňüsyrasynda guralýan baýramçylyk konserti Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Ozotbek Nazarbekowyň çykyşlary bilen dowam etdi.


17.12.2016 | Türk ýyldyzy Aşgabatda

“Onuň arabasy bar...” Bu setirleri okanyndan, okujylarymyzyň köpüsi gürrüňiň kim barada barýandygyny aňan bolsalar gerek. Meşhur türk aýdymçysy, dünýä belli estrada ýyldyzy, kino aktýory Mustafa Sandal Täze ýylyň öň ýanynda türkmen paýtagtynda geçirilýän konsertler tapgyrynda çykyş etmek üçin nobatdaky gezek Aşgabada geldi. Paýtagtymyzdaky Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň buzly meýdançaçynda türk ýyldyzynyň konserti boldy.


16.12.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Öz adymdan hem-de Owganystanyň halkynyň adynda Siziň Alyhezretiňizi we dostlukly türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


16.12.2016 | Türkmen paýtagtynda täze binalaryň nobatdaky tapgyry ulanmaga berildi

Şu gün paýtagtymyzda Parahat-7 etrapçada täze köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy.


16.12.2016 | “Ahal”—futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony

“Ahal” topary milli birinjiligiň jemleri boýunça futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe boldy. Sylap Seýdiýewiň we Serdar Ataýewiň tälim berýän türgenleri Aşgabadyň çempiony, ýurdumyzyň Jemagat hojalygy ministrliginiň topary “Bagtyýarlykdan” 2:1 hasabynda üstün çykyp, ilkinji gezek bu ada mynasyp boldular.


16.12.2016 | Resmi habarlar 16-njy Dekabr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


16.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Torhilda Meri Wiwia Ebbott-Uatty kabul etdi.


16.12.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mähirli dostumyz! Patyşalyk bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary we oňyn özara düşünişmegi saklamak isleginden ugur alyp, hormatly Torhilda Meri Wiwia Ebbott—Uatty Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik.


16.12.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


15.12.2016 | Filipp Kirkorow Aşgabatda geçirilýän daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň konsertler tapgyrynyň başyny başlady

Şu gün däp boýunça Täze ýylyň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynda geçirilýän konsertler tapgyrynyň başyny Russiýa Federasiýasynyň halk artisti, dürli aýdym-saz baýraklarynyň köpsanlysynyň eýesi Filipp Kirkorow açdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter