Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

16.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-NIŇ Baş sekretary bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Tomas Greminger bilen duşuşdy. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygyna gabatlanylan çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.


16.04.2019 | Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary futbol ýaryşyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda futbol boýunça ýaryş geçirdi. Ýaryş her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy hem-de 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy.


15.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Döwrümiň döwrany Rowaç!

Watanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemäge taýýarlyk görýär.


15.04.2019 | Türkmenistan — Fransiýa: özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy.


14.04.2019 | «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Bahreýniň paýtagtynda üstünlikli çykyş etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atçylyk sungatyny täzeden döretmek we ösdürmek boýunça taýsyz tagallalary netijesinde milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty ýurtlara we yklymlara dolup, olaryň üstünlikli çykyşlary dowam edýär.


13.04.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


13.04.2019 | Aşgabatda «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi we halkara maslahat geçirildi

Iki günüň dowamynda Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarkasy geçirildi. Ol Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guraldy. Bu çäre gatnaşyjylaryň iki ýüze golaýyny–öz harytlary we hyzmatlary bilen tanyşdyran ýurdumyzyň we daşary döwletleriň telekeçilerini bir ýere ýygnady.


13.04.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.


12.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Hajyýew Döwletdurdy Täçdurdyýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmaly.


12.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Dädebaý Saparowiç Amangeldiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden bo-şatmaly.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter