Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.01.2017 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, Täze ýyl mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Goý, Täze ýyl bütin dünýäde parahatçylygyň bähbidine bize ösüş getirsin.


01.01.2017 | Birža täzelikleri 1-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.


01.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly - beýik maksatlara tarap

Türkmenistan 2016-njy ýylyň aýagyna durmuş-ykdysady ösüşiniň oňat görkezijileri, tutuş sebit üçin ähmiýeti uly bolan iri taslamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen gelip, ertirki gününe ynamly garaýar hem-de täze, 2017-nji ýyly giň gerim bilen garşylap, Garaşsyz Bitarap döwletiň şanly ýylýazgysynda nobatdaky sahypany açýar.


01.01.2017 | Goý, her bir maşgalada bagtyýarlyk bolsun, goý, ýurdumyz bagtyýarlykdan dolsun!

Täze, 2017-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ýene-de bir körpeje türkmenistanly dünýä indi. Ol Türkmenistanda ýetip gelen ýylda doglan ilkinji çaga boldy.


31.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym!


30.12.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


30.12.2016 | Türkmenistanda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň nyşanyny döretmäge bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda Medeniýet ministrligi hem-de Sport baradaky döwlet komiteti ýylyň nyşanyny döretmäge bäsleşik yglan etdiler.


30.12.2016 | Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenabatda, Daşoguzda we Maryda işewürlik toplumlaryny gurýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi sebitleriň dolandyryş merkezlerinde işewürlik toplumlaryny gurýar. Şol toplumlaryň düzümine TSTB-niň welaýat şahamçasynyň edarasy, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň bölümi, dabaralar zaly, işewürlik hem-de söwda-dynç alyş merkezi girýär.


29.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti täze ýylyň öňýanyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň tamamlanýandygyny we 2017-nji ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyrýan Täze ýyl baýramçylyk çärelerine gatnaşdy.


29.12.2016 | Türkmen basketbolçylary altyn we kümüş medallara mynasyp boldular

Biziň basketbolçylarymyz Gollandiýanyň Eýndhowen şäherinde 3х3 görnüşinde geçirilen iri halkara ýaryşynda uly üstünlik gazanyp, türkmenistanly sport söýüjileriň ählisine ajaýyp Täze ýyl sowgadyny taýýarladylar: ýurdumyzyň zenanlar ýygyndy topary altyn medallara, erkekler topary bolsa kümüş medallara eýe boldular.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter