Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.04.2020 | Milli Liderimiz saglygy goraýyş we bilim meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


07.04.2020 | Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler geçirildi. Irden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine baryp gördi.


07.04.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Biz ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününi giňden belläp geçýäris. Sizi sagdynlygy we ruhubelentligi dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň ruhubelentligiň, ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurduna öwrülen Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.


07.04.2020 | Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy

1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir, hut 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi, häzirki wagtda dünýäniň 194 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar.


06.04.2020 | Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň geljegi wideokonferensiýalar görnüşinde ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň iri halk hojalyk pudaklarynyň wekilleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde maslahat geçirildi. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.


04.04.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.


03.04.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi.


03.04.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


02.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Tatarystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


02.04.2020 | «Milli goşun» žurnalynda Watan goragçylarynyň gullugy hakynda

Goranmak ministrligi tarapyndan neşir edilýän «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly neşir ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegi, giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan harby özgertmeleriniň amala aşyrylmagy bilen tanyşdyrmagy ugur edinýär.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter