Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.12.2016 | Ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi

Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Ol hemmeleriň söýüp garşylaýan, köp garaşdyran we täsinliklere baý bolan Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.


22.12.2016 | Taryhy-medeni miras—Watanymyzyň milli baýlygy

Şu gün Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde orta asyrlaryň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan zallaryň täzelenen we üsti ýetirilen sergisi açyldy.


22.12.2016 | Türkmenistanyň sungaty we binagärligi: däp bolan we täze usullar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli sungaty hem-de binagärligi mudan beýläk-de öwrenmek, gorap saklamak we ösdürmek meselelerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň häzirki zaman medeni syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ylym hem-de döredijilik işleri üçin ähli zerurlyklar bilen enjamlaşdyrylan birnäçe döwrebap muzeýleriň we teatrlaryň gurulmagy ynsanperwer ulgama berilýän uly ünsüň aýdyň netijeleridir, her welaýat merkezinde täze görnüşli kitaphanalar bina edildi. XXI asyryň tehnologiýalaryndan ugur alan döwlet bilim maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda ylmy-barlag işleri innowasion derejä çykaryldy, kitap neşirýat işi ösdürilýär, Internet ulgamynda milli serişdeler artýar.


22.12.2016 | Türkmen we amerikan sazandalarynyň bilelikdäki baýramçylyk konserti

Şu gün Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň belli amerikan sazandalary bilen bilelikdäki konserti geçirildi. Täze ýyl baýramçylyklarynyň öň ýanyndaky bu döredijilik çäresi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň ýurdumyzdaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde guraldy.


22.12.2016 | Türkmen welosipedçileri esasy ýaryşlara taýýarlanýar

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk welosiped meýdançasynda welosiped ýaryşlary boýunça geçirilen saýlama bäsleşiklerde milli ýygyndynyň deslapky düzümi kesgitlenildi. Ýygyndy topar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň medallary ugrunda bäsleşer.


21.12.2016 | Halkymyzyň beýik ruhy ýörelgelerine eýerip

Şu gün paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň we paýtagtymyzyň köpsanly ilatynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde oturdylan S.A.Nyýazowyň ýadygärligine gül goýmak we Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak çäresi geçirildi.


21.12.2016 | Resmi habar 21-nji Dekabr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan duýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti buýruga gol çekdi.


21.12.2016 | Türkmenabatda köpugurly welaýat hassahanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumly lukmançylyk şäherjigi gurulýar

Täze lukmançylyk şäherjigi – 836 orunlyk köpugurly welaýat hassahanasy Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde bina edilýär. Bu ýerde gurluşyk-gurnama işleri esasan tamamlandy hem-de içki we daşky timarlaýyş işlerine girişildi.


20.12.2016 | Sport tanslary boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlenildi

Şu gün paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda Aziada-2017-niň saýlama ýaryşlarynyň çäklerinde sport tanslary boýunça ýaryşlar geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungatý boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek milli ýygyndynyň düzümi döredildi.


20.12.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Biziň ýurtlarymzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli özara düşünişmegi hem-de sazlaşykly aragatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, men jenap Majibur Rahman Bhuýany Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter