Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.10.2016 | Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

Aşgabat, 22-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk gormek bilen baglanyşyky meseleler girizildi.


22.10.2016 | Watan goragçylaryna döwlet sylaglary

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň has tapawutlanan işgärlerine, harby gullukçylaryna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralaryna gatnaşdy.


21.10.2016 | Resmi habarlar 21-nji Oktýabr

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň senagat, nebitgaz, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, göreldeli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ylmyň we tehnikanyň, edebiýatyň, medeniýetiň we sungatyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň merhum raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Resminama metbugatda dolulygyna çap edilýär.


21.10.2016 | Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň şanyna ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň 100 manat hümmeti bolan altyn we kümüş teňňelerini, şeýle hem şol teňňeleriň toplumyny çykardy.


21.10.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek, käbir resminamalaryň taslamalaryna seretmek hem-de ozal kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


21.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY

(2016-njy ýylyň 21-nji oktýabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Biz şu gün berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň çärýek asyrlyk şanly baýramynyň uly dabaralara beslenip bellenýän ýylynyň 9 aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerini jemleýäris.


21.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet üstünligi baradaky hoş habary kabul etdi

Aşgabat, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan, şeýle hem Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden pagta ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada hoş habarlary kabul etdi.


20.10.2016 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzy gurmagyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde bina edilen täze ýaşaýyş toplumynyň açylmagy mynasybetli dabaralar geçirildi.


20.10.2016 | Türkmen tälimçisiniň halkara synagy

Ýewropanyň Söweş sungatlary merkeziniň ýerleşýän ýeri bolan Uden şäherinde (Niderlandlar) hanmudo boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow gatnaşdy. Ildeşimiz GDA ýurtlaryndan bu okuw maslahatyna çakylyk alan hem-de soňra söweş sungatlarynyň iň ýokary danyny almak ugrunda synag tabşyran ýeke-täk tälimçidir.


20.10.2016 | Türkmenistanda käbir okruglar boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy.

Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak”, Mary welaýatynyň 119-njy “Atçapar” we 124-nji “Pendi” saýlaw okruglarynda dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklar geçirildi. Duşuşyklara gatnaşyjylar dalaşgärleriň terjimehaly, olaryň döwlete we jemgyýeti demokratik ýol bilen ösdürmäge garaýyşlary bilen tanşyp, işjeň we şahsy häsiýetlerini içgin ara alyp maslahatlaşanlaryndan soň ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk edarasyna olaryň kandidaturalaryny goldadylar. Milli parlamente dalaşgärleriň jemi 6-sy, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal we Mary welaýat komitetlerinden, Tagtabazar etrap komitetinden hem-de raýatlaryň toparlaryndan hödürlenildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter