Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

26.07.2015 | Birža täzelikleri 26-njy iýul

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.


26.07.2015 | Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti, jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Jenap Prezident, meniň mähriban doganym, Alžir döwletiniň hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy şatlyk bilen Size ýollaýaryn.


24.07.2015 | Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisi

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Söwda-ykdysady, ylmy tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.


24.07.2015 | Ýaşlar milli ösüşiň medeni kuwwatyny artdyrýar

Hünärmenleri taýýarlmagyň täze ugurlary: 1. “Opera sungaty” Ýurdumyzyň millli opera sungaty 2015-2016-njy okuw ýylynda ösüşinde täze ösüşe eýe boldy. Türkmen milli konserwatoriýasynda “Opera sungaty” ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylyp başlanar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimiziň ruhy ösüşi, milli medeniýetimizi kämilleşdirmek babatda yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrdy.


24.07.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa

Iki Mukaddesligiň hyzmatkäri Salman ben Abdel-Aziz Al-Saud, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli öz adymdan, Saud Arabystanynyň hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize iň gowy doganlyk gutlaglarymy we tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy ýollamaga örän şatdyryn.


23.07.2015 | Türkmenistan – ÝUNFPA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 23-nji iýul /TDH/. Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda zenanlar hem-de ýetginjek gyzlar babatda döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň ynsanperwer işleri meselesine bagyşlanan maslahat geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy /ÝUNFPA/ tarapyndan guraldy.


23.07.2015 | Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlarynyň başyny başlaýar

Golaýda Aşgabatda geçirilen iri saglygy goraýyş forumlary giň jemgyýetçilik seslenmesini döredip, şol günlerde dünýä metbugatynda peýda bolan köpsanly makalalarda öz beýanyny tapdy.


22.07.2015 | Resmi habar 22-nji Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, podpolkownik Mamowow Döwletgeldi Amangulyýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


22.07.2015 | Aşgabatda halkara guramalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli maslahat geçirildi

Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň ileri tutulýan wezipeleri boýunça ýokary derejeli milli strategiki maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe we ” Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu maslahat köp adam ýygnady.


22.07.2015 | Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynyň tanyşdyryş çäresi

Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynyň tanyşdyryş çäresi boldy. Žurnal Türkmenistanyň we Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we medeniýet, sungat ulgamlarynda hem-de maglumatlary alyşmakda önjeýli we işewür aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly goşant goşýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter