Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.12.2016 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat,1-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdiler.


01.12.2016 | Türkmenistan-GFR: ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek

Aşgabat, 1-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky günleri geçirildi.


30.11.2016 | Türkmenistan sebit ulag hyzmatdaşlygynda özüniň öňdebaryjy ornuny güýçlendirýär

Şu günler Türkmenistanda daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpsanly wekilleri boldular. Olar daşary ýurtly beýleki myhmanlar bilen bir hatarda, diňe bir biziň ýurdumyz üçin ýa-da sebit üçin möhüm bolman, eýsem, tutuş dünýäde möhüm ähmiýete eýe bolan wakalaryň şaýady boldular. Olaryň biri Azerbaýjanyň “Trend” Halkara habarlary agentliginiň baş direktorynyň halkara meseleleri boýunça orunbasary Ilçin Guseýnow Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren gürrüňinde hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýan bu wakalaryň ähmiýeti barada öz pikirini aýtdy.


30.11.2016 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy başlangyçlary halkara metbugatynyň üns merkezinde

Şu günler dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, syýasy we işewür toparlarynyň ünsi uly jemgyýetçilik seslenmesini döreden şanly wakalaryň ikisine--26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata hem-de Lebap welaýatynda transmilli polat ýolunyň—Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gönükdi.


30.11.2016 | Türkmenistan Energetika Hartiýasyna başlyklyga saýlandy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda Energetika Hartiýasy boýunça maslahatyň 27-nji mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistan bu iri halkara guramasynyň başlygy diýlip yglan edildi.


29.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan doganlyk Owganystanyň gülläp ösýän döwlet bolmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär

Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda hem-de onuň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat hem-de onuň yzysüre Aziýa halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky ägirt uly taslamanyň birinji durmuşa geçirilen tapgyryna öwrülen täze demir ýoluň açylmagy – bu wakalaryň her biriniň ägirt uly ähmiýeti bar, ýöne olar bilelikde Türkmenistanyň strategiýasynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň aýdyň we takyk many-mazmunyny görkezýär. Onuň formulasy bolsa “dünýä möçberinde pikirlenmeli – ýerlerde hereket etmeli” diýen ýörelgede jemlenýär.


29.11.2016 | Türkmen pälwanlarynyň dünýä çempionatyndaky üstünligi

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 1999-2001-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Onda biziň türgenlerimiz nobatdaky uly üstünlige eýe bolup, 13 medal gazandylar. Olaryň üçüsi altyn, bäşisi kümüş we şonçasy-da bürünç medallardyr. Munuň özi milli toparymyza umumy hasapda ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.


28.11.2016 | Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň täze ýoluny açdylar

Lebap welaýaty, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün Ymamnazar demir ýol bekedinde transmilli polat ýoluň – Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Gatnawlaryň sebit ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrüljek Atamyrat–Ymamnazar  Akina täze ýoluň işe girizilmegini alamatlandyrýan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.


28.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň iň ýokary döwlet sylaglarynyň birine mynasyp boldy

Prezident Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin Owganystanyň iň ýokary sylaglarynyň birine—“GazyMohammadAkbarHan” Döwlet medalyny gowşurdy.


28.11.2016 | Täze demir ýol boýunça Owganystanyň Akina şäherine ilkinji ýük otlusy ugrady

Transmilli polat demir ýolunyň-- Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) bölegi boýunça ilkinji ýük otlusy ugradyldy. Türkmenistandan Owganystanyň çäklerine 46 wagondan düzülen otly dostlukly goňşy ýurda un, däne, sement, karbamid we kükürt elter.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter