Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä ýurduň Kair şäherinde Kopt ybadathanasynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


12.12.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz! Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen sazlaşykly gatnaşyklary goldamak we berkitmek isleginden ugur alyp, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi derejesi bolan jenap Kristian Bergeri Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany wezipesine bellemek kararyna geldi.


12.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli baýramçylygy—Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi.


12.12.2016 | Türkmenistanda Irlandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Irlandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Edrian Makdeýdden ynanç hatyny kabul etdi.


12.12.2016 | Bitarap Türkmenistan sport giňişliginde: parahatçylygyň, dostlugyň we ýokary ruhuň ilçisi

Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde milli ösüşiň giň göwrümli gazananlary bilen meşhurdyr, ol parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy netijesinde yzygiderli giňeldilýär. Ýurdumyzyň sport ulgamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürýändigi munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.


11.12.2016 | Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň işjeň çärelerine ýokary baha berdi

Halkra pul gaznasynyň wekiliýeti Türkmenistana nobatdaky saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri bilen tanyşdy. Iri maliýe düzümiň bilermenleri makroykdysady ýagdaýa baha berdiler hem-de döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri we diplomatik bileleşiginiň wekilleri bilen milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


11.12.2016 | Türkmenistanyň ýygyndysy—umumytoparlaýyn hasapda ýeňiji!

Şu gün Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary sport toplumynda jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy.Ýaryşyň birinji gününde ýurdumyzyň türgenleri medallaryň 16-syny (üç altyn, dört kümüş we dokuz bürünç) eýeläp, umumytoparlaýyn hasapda öňe saýlanypdy. Ýaryşyň dowamynda türkmen türgenleri bu baýraklaryň üstüne ýene-de medallaryň 17-sini (üç altyn, bäş kümüş we dokuz bürünç) goşdular hem-de öňdäki orny özünde sakladylar.


11.12.2016 | Ýaş küştçüsiniň üstünligi

Russiýanyň Soçi şäherinde 7 ýaşdan 17 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça dünýäniň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşda türkmen küştçüsi Saparmyrat Atabaýew altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz 17 ýaşa çenli toparda şeýle üstünlik gazandy.


11.12.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz! Sizi Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen gutlamak meniň üçin uly hormatdyr. Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygyň hem-de halkara howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýurduň pugta ygrarlydygyny beýan edýär.


11.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Stambul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter