Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

10.06.2015 | Neşekeşligiň öňüni almak boýunça sebit maslahaty

Aşgabat, 10-iýun (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni almagyň milli maksatnamalarynyň netijelliligine bagyşlanan iki günlük sebit maslahaty açyldy. BMG-niň neşeler we jenaýatlar boýunça müdiriýeti tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Eýrandan, Pakistandan, Owganystandan wekiller, şeýle hem BMG-niň neşeler we jenaýatlar boýunça müdiriýetiniň bilermeni Hanna Heýkila (Awstriýa) we sebitleýin utgaşdyryjysy Nadim Rehman (Eýran) Aşgabada geldiler.


09.06.2015 | 2015-nji ýylyň maýy: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň netijeliliginiň ählumumy ykrar edilmegi bilen şertlendirilen Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagy we onuň dünýäniň syýasy giňişligindäki ornunyň berkidilmegi ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňünde ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine doly möçberli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak ugruny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda goýlan wezipeleri çalt ýerine ýetirmek üçin olaryň işini işjeňleşdirmegi talap edýär.


09.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 9-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz we onuň töweregi boýunça dikuçarda iş saparyny amala aşyryp, guşuçar belentlikden birnäçe möhüm desgalarda alnyp barylýan işleri synlady. Milli Liderimiz 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly käbir meselelere aýratyn üns berdi.


09.06.2015 | Milli teleradioýaýlymlaryň gepleşikleri türkmen hemrasy arkaly ýaýlyma berlip başlandy

Şu günler milli telewideniýäniň we radionyň gepleşikleri “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk hemrasynyň üsti bilen ýaýlyma berlip başlandy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ozal habar berlişi ýaly, telekontenti ulanyjylar özleriniň antennalaryny gündogar uzaklygyň 52 gradusyna gönükdirip, onuň hyzmatlaryndan peýdalanyp biler.


08.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti “Kazakstan temir joly” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi.

Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kazakstan temir joly” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Askar Mamini kabul etdi.


08.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiriniň, pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipelere, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.


08.06.2015 | Aşgabatda dokma senagatynyň halkara sergisi öz işini tamamlandy

Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly Dokma senagaty işgäreleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen halkara sergisi öz işini tamamlady.


07.06.2015 | Türkmenistanda pudaklaýyn halkara sergisi geçirilýär

Aşgabat, 7-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly dokma önümleriniň halkara sergisi öz işine başlady, bu dokma önümleriniň gözden geçirilişi ýurdumyzda her ýyl bellenilýän dokma senagatynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär.


06.06.2015 | TÜRKMENISTANYŇ DOKMA SENAGATYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILÝÄN «BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNDE DOKMA SENAGATY PUDAGY INNOWASION ÖSÜŞ ÝOLUNDA»

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Hormatly dokmaçylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherindäki Sergi köşgünde Türkmenistanyň Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän halkara sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


06.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi mynasybetli köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri öz gutlaglarynda bu resminamanyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň sebitleýin we dünýä möçberinde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde soňky ýyllarda abraýynyň ýokarlanýandygy, milli Liderimiziň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürýändigi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr diýip belleýärler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter