Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

14.06.2019 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasy we şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.


14.06.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, taslamalara seredildi, käbir möhüm resminamalar kabul edildi.


13.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň duýdansyz barlagyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan agansoň, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.


13.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.A.Osmanowy harby atda peseltmek hakynda

Gulluk borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Atadurdy Ataberdiýewiç Osmanowyň general-maýor harby adyny polkownik harby adyna çenli peseltmeli.


13.06.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Osmanow Atadurdy Ataberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi.


12.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat geçirdi.


12.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda eden çykyşy

Siziň bilşiňiz ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym we bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolup durýar.


12.06.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň ylmy kuwwatyny ösdürmek, ylmyň ösüşine innowasion häsiýet bermek, alymlaryň oýlap tapan täzeliklerini eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirmek, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilige we bilim ulgamyna ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


12.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


12.06.2019 | Ýaş zehinler — türkmen ylmynyň geljegi

Şu gün şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter