Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

13.07.2015 | Resmi habarlar 13-nji Iýul

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçsmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk esasy we goşmaça jeza çärelerini çekmekden boşadyldy.


13.07.2015 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän, ynsanperwerligi ündeýän, halkymyzyň agzybirlikde, in gowy arzuw-umytlar bilen garşy alýan mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


12.07.2015 | Resmi habarlar 12-nji Iýul

“Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza döwrebap ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş kömeginiň berilmegini üpjün etmek, lukmanlary taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy has-da kämilleşdirmek, şeýle hem öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň nobatdaky toplumyny işe girizmek we netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


12.07.2015 | Bilelikdäki türkmen-hindi BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi 2015-nji ýylyň 10–11-nji iýulynda Türkmenistanda resmi sapar bilen boldy.


12.07.2015 | Birža täzelikleri 12-nji Iýul

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.


11.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 11-nji iýul /TDH/. Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasynda gepleşikler geçirildi.


11.07.2015 | Türkmenistan- Hindistanyň “Business Сentral Asia” žurnalynyň sahypalarynda

Nýu-Deli şäherinde (Hindistan Respublikasy) çap edilýän hem-de Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly, şeýle hem sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan “Business Сentral Asia” halkara žurnaly öz iýun aýyndaky sanyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň gazanan üstünliklerine bagyşlady.


10.07.2015 | Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy — milli ýangyç-energetika toplumynyň öňbaşçysy

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň innowasion ösüşi babatda milli Liderimiziň başyny başlan maksatnamalaryny, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.


10.07.2015 | Sebitde durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Şu gün, 11-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna gelen Hindistanyň Premýer-Ministri Narendra Modiniň duşuşygy bolar.


09.07.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY (2015-nji ýylyň 9-njy iýuly)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemlemek bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňümizde durýan wezipeler barada durup geçmek isleýärin.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter