Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.05.2015 | Müňýyllyk dostluk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlyk

Şu gün, 20-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen gelýän Pakistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarifiň arasynda gepleşikler geçiriler.


19.05.2015 | Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Maýa Hristowadan ynanç hatyny kabul etdi.


19.05.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina paýtagtymyzyň günorta böleginde, edara binalarynyň toplumlaýyn gurulýan ýerinde bina edildi.


19.05.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, men hanym Maýa Hristowany Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.


19.05.2015 | Türkmenistanda VI Halkara gaz kongresi açyldy

Awaza, 19-njy maý (TDH). Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda VI Halkara gaz kongresi we bu çärä bagyşlanan pudaklaýyn sergi açyldy.


19.05.2015 | Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň slowen dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy

Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly iri ylmy işiniň slowen dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy.


18.05.2015 | Baýramçylygyň hormatyna ýaryşlar

Şu günler ýurdumyzyň sport meýdançalarynda milli baýramçylyga—Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan ýaryşlaryň ençemesi geçirilýär.


18.05.2015 | Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresine we bu çärä bagyşlanan halkara sergä gatnaşyjylara

Hormatly halkara Gaz kongresine we sergä gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar! Sizi Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresiniň we onuň bilen bagly halkara serginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


18.05.2015 | Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna dabaralar

Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli senenamamyzyň ähmiýetli senesi mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Milletimiziň döwlet we ruhy ösüşiniň bitewüliginiň beýany bolan bu iki baýramyň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda öz beýanyny tapan, türkmen halkynyň bir bitewi, kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hakynda köpasyrlyk arzuwynyň amala aşan häzirki döwürde goşalanyp gelmegi tötänleýin däldir.


17.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy parahatçylygyň, abadançylygyň we jebisligiň dabaralanmagyny alamatlandyrýan umumymilli baýramçylyk--Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen köpsanly gutlag hatlaryny we telegrammalary iberenler tüýs ýürekden gutlaýarlar. Hatlarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň erkin we gülläp ösýän döwlet hakynda arzuwlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter