Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

29.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Aşgabat, 29-njy iýun /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


28.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary döwletlerden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna milli Liderimiziň doglan güni mynasybetli gutlag hatlary we telegrammalar gelýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, edaralaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary hatlarynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaryň we taryhy ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginler bilen durmuşa geçirilýändigini belleýärler. Döwlet Baştutanymyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasaty eziz Watanymyz Türkmenistanyň hem-de milli Liderimiziň tutuş dünýäde abraýynyň artmagyna ýardam edýär. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli hem-de tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde täze üstünlikler arzuw edýärler.


28.06.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Si Szinpin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!


28.06.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mohammed VI, Marokkonyň Patyşasy: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagt baradaky arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn.


28.06.2015 | Türkmenistan-Ýaponiýa: işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýoly bilen

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-ýapon işewürlik maslahaty geçirildi.


28.06.2015 | Türkmenistan howa ulaglary arkaly üstaşyr ýük daşamakda hyzmatdaşlygyny artdyrýar

Şu gün 29-njy iýunda “Cargolux” awiakompaniýasy Lýuksemburg-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça görkezme uçuşyny ýerine ýetirer. 30-njy iýunda bolsa Türkmenbaşy şäherine hepdede 4 gezek, ýagny her hepdäniň 1-nji günlerinde Gonkong-Türkmenbaşy-Budapeşt ugry boýunça, hepdäniň 2-nji günleri Lýuksemburg-Türkmenbaşy-Taýbeý, hepdäniň 3-nji günleri Gonkong-Türkmenbaşy-Wena, hepdäniň 6-nyj günleri Lýuksemburg-Türkmenbaşy-Taýbeý ugurlary boýunça yzygiderli ýük daşamak uçuşlaryny amala aşyrmaga başlar.


28.06.2015 | Birža täzelikleri 28-nji Iýun

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.


27.06.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hasan Ruhani, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňizi Beýik Biribaryň bereket eçilýän aýy, rehimdarlyga we parahatçylyga, dostluga we doganlyga çagyryş bolup durýan mukaddes Oraza aýy bilen mähirli gutlaýaryn.


27.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Türkmenabat, 27-nji iýun /TDH/. Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Mejlisiň Başlygyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerinden Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.


27.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministrini kabul etdi

Türkmenabat, 27-nji iýun /TDH/. Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Daýşiro Ýamagiwa bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabatda geçiriljek türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter