Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy

Aşgabat, 3-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagt boýunça iş saparynyň çäklerinde Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu ýerde ýene-de bir ýyldanam az wagtdan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.


03.11.2016 | Paýtagtymyzyň “Olimp” mekdebi - ýaş türgenleri taýýarlaýan merkez

Gökje sport toplumynda 2002-2003-nji ýyllarda doglan ýetginjek türgenleriň arasynda erkin göreş boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi geçirildi, oňa Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan 400-e golaý türgen gatnaşdy. Umumytoparlaýyn hasapda paýtagtymyzdaky “Olimp” sport mekdebinde tälim alýanlar birinji ornu eýelediler.


03.11.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň çärýek asyr mundan ozal gazanan Garaşsyzlygy diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, biziň dostlukly halkymyz üçin hem möhüm waka boldy.


03.11.2016 | “Altyn asyr” Türkmenistanyň üç gezek çempiony

Paýtagtymyzyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempiony diýen adyny saklamagy başardylar. Aragatnaşyk ministrliginiň topary bu üstünligi oýunlaryň tamamlanmagyna çenli bäş tapgyr galanda, möhletinden öň gazandylar. Onuň yz ýanyndan gelýän “Balkan” “Aşgabat” toparynyň garşysyna paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, bir utugyny ýitireninden, “Altyn asyr” bolsa myhmançylykda “Şagadam” toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykandan soň çempion belli boldy.


03.11.2016 | Resmi habar 3-nji Noýabr

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýew Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.


02.11.2016 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


02.11.2016 | Türkmen hokkeý hünärmenleri halkara şahadatnamalarynyň eýeleri

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde şaýbaly hokkeý boýunça dürli ýaryşlary guramagyň we geçirmegiň meseleleri hem-de eminleriň işleri boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahata sportuň bu görnüşi boýunça türkmen hünärmenleriniň ikisi —Allaberdi Mämmetgulyýew bilen Mämmet Mämmedow gatnaşdylar. Olar synagdan üstünlikli geçip, Halkara hokkeý federasiýasynyň II derejeli şahadatnamasyna mynasyp boldular.


02.11.2016 | Resmi habar 2-nji Noýabr

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:


02.11.2016 | “Görogly” şadessany—milli we dünýä ruhy-genji hazynasynyň aýrylmaz bölegi

Aşgabat, 2-nji noýabr /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda “Görogly” şadessanynyň dünýä medeniýetindäki orny” atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlady. Geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolan maslahatyň guramaçysy hökmünde ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi çykyş edýär.


02.11.2016 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, Türkmenistanyň milli baýramçylygy mynasybetli Size özümiň mähirli gutlaglarymy, şeýle hem türkmen halkyna bagtyýarlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter