Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.10.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi, oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly ýörişiň jemleri jemlenildi hem-de käbir möhüm meselelere seredildi.


27.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji oktýabr /TDH/. Şu gün tutuş ýurdumyz uly joşgun bilen özüniň baş milli baýramyny—Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden we dabaraly belleýär.


27.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli sylaglary gowşurdy we gutlaglary kabul etdi

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy” diýen ýubileý medallaryny gowşurdy.


27.10.2016 | Ata Watanymyzyň goragçylaryna sylaglar gowşuryldy

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün bellenilýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň çäginde dabaraly harby ýörişe we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge işjeň gatnaşan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy.


27.10.2016 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halky baş milli baýramyny – eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna 25 ýyl dolýar.


26.10.2016 | «Aşgabat» stadionynda geçirilen baýramçylyk dabaralary

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün «Aşgabat” köpugurly sport toplumynda ýurdumyzda bellenýän iň ajaýyp, iň naýbaşy baýrama—Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan uly baýramçylyk çykyşlary boldy.


26.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirijiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.


26.10.2016 | “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyň rus diline terjimesiniň tanyşdyrylyşy

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynda uly sarpalanýan ussat Şükür bagşy hakynda gürrüň berýän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly rus dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.


26.10.2016 | Türkmenistan - kämil döwletiň nusgasy

Türkmen halky bilen bilelikde mukaddes garaşsyzlygyň 25 ýyllyk şanly toýuny köpsanly dostlarymyz hem dabara bilen belleýärler.


26.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan döwlet konserti geçirildi. Sungat ussatlarynyň guran bu baýramçylyk konsertine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter