Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti mili emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi. Türkmen döwletiniň buýurmasy esasynda Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasy tarapyndan gurlan we “Folсon 9” göteriji tarapyndan 28-nji aprelde kosmos giňişligine çykarylan bu hemra öz işine başlady.


01.05.2015 | Türkmenistanda gazy eksport etmek boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi

Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ýewropa ugry boýunça köpugurly turbageçiriji düzümiň bilelikde döredilmegini göz öňünde tutýan gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň ýangyç-energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary hem-de Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.


01.05.2015 | Resmi habarlar 1-nji Maý

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da kämilleşdirmek, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döretmek, ilatymyzyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň öndüriji güýçlerini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy, şeýle hem şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.


01.05.2015 | Taryhy waka mynasybetli täze numizmatika şaýy pullary

Taryhy wakany – Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52o E” ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň Älem giňişligine uçurylmagynyň şanyna ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň gymmaty 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryny, şeýle hem şu ýadygärlik şaýy pallardan toplumlary taýýarlady.


30.04.2015 | Türkmenistan — BMG: ählumumy ynsanperwer wezipeleri çözmekde hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde guran Merkezi Aziýa migrasiýa akymlary meseleleri boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işini tamamlady. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


30.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Maroş Şefçowiçi kabul etdi.


30.04.2015 | Maksat Atabaýew — 2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy küştçüsi

Milli ýokary liga girýän erkekleriň arasynda küşt boýunça ýurdumyzyň çempionaty iň ýaş türkmen grossmeýsteri, 20 ýaşly aşgabatly küştçi Maksat Atabaýewiň ýeňşi bilen tamamlandy. Şäher sport komitetiniň küşt sport mekdebiniň wekili ýaryşyň barşynda bir gezek hem utulman, mümkin bolan 15 utukdan 11,5 utuk toplady. Ol 10 gezek ýeňiş gazandy we 5 duşuşygyny deňme-deň tamamlady.


30.04.2015 | Türkmenistanda köpçülikleýin sportuň biraýlygy tamamlandy

Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça tutuş ýurdumyzda 1—30-njy aprel aralygynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda geçirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygynyň ýapylyş dabarasy boldy.


30.04.2015 | Birinji milli awtomobil ýaryşynyň ýeňijileri kesgitlendi

Paýtagtymyzda «Aşgabat — Derweze — Aşgabat» awtomobil ýaryşy tamamlandy, ony Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Milli awtosport merkezi guradylar.


30.04.2015 | Medeniýet — parahatçylygyň we agzybirligiň nyşany

Şu günler Aktauda — Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň paýtagtynda Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň wekiliýeti saparda bolýar. Onuň düzüminde belli artistler, Balkan welaýatynyň “Dagdan” döredijilik topary, Aşgabadyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter