Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

21.05.2015 | Resmi habarlar 21-nji Maý

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Esen Öwezmämmedowiç Ýanikow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


21.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren heläkçilik zerarly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewe çuňňur gynanjyny beýan etdi.


21.05.2015 | Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri artýar

Awaza, 21-nji maý (TDH). Şu gün “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda 19-20-nji maýda bu ýerde geçirilen Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresine gabatlanyp guralan halkara sergisiniň ýapylyşy boldy.


20.05.2015 | Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda sagat 9.00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň jaýynda geçirilýär.


20.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň arasynda gepleşikler geçirildi.


20.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Onuň Alyhezreti jenap Muhammad Nawaz Şarifiň BILELIKDÄKI MAGLUMATY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif 2015-nji ýylyň 20—21-nji maýynda Türkmenistana resmi sapary amala aşyrdy. Pakistanyň Premýer-ministriniň ýanynda ýokary derejedäki wekiliýet boldy.


20.05.2015 | Ýurdumyzyň haryt-çig mal biržasynyň söwda mümkinçilikleri artýar

Ahal welaýaty, 20-njy maý (TDH). Şu gün Sarahs etrabynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary söwda terminalynyň täze binasyny ulanmaga bermegiň dabarasy boldy.


20.05.2015 | Türkmenistanda VI halkara Gaz kongresi geçirildi

Awaza, 20-njy maý (TDH). Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresi öz işini tamamlady. Onuň gün tertibine halkara energetika hyzmatdaşlyk we global energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri girizildi.


19.05.2015 | Müňýyllyk dostluk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlyk

Şu gün, 20-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen gelýän Pakistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarifiň arasynda gepleşikler geçiriler.


19.05.2015 | Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Maýa Hristowadan ynanç hatyny kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter