Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

26.06.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.


26.06.2020 | Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň we BMG-nyň Baş sekretarynyň Ýörite geňeşçisiniň onlaýn-duşuşygy geçirildi

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow BMG-nyň Baş sekretarynyň özgertmeler meseleleri boýunça Ýörite geňeşçisi jenap Ýens Wandel bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirdi.


26.06.2020 | Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowdan ynanç hatyny kabul etdi. Dabara Italiýanyň Prezidentiniň resmi edarasynda – Kwirinal köşgünde geçdi.


26.06.2020 | Türkmen-kanada gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Kanadanyň Türkmenistandaky (edarasy Ankarada ýerleşýän) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aşraf Hohar bilen onlaýn-duşuşyk geçirdi.


26.06.2020 | Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry täze işini - «Nejep oglan» operasyny görkezdi

Medeniýet hepdelig-2020-niň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda <a href="http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14464"><b>«Nejep oglan»</b></a> operasynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Ol adybir dessan boýunça sahnalaşdyrylyp, türkmen halk sazlary mekdebi hem-de öz ömrüni milli aýdym-saz däplerini saklamaga we öwrenmäge bagyşlan dessançy-bagşylar barada gürrüň berýär.


26.06.2020 | Medeniýet hepdeligi — 2020: bäşinji gün

Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň zalynda ýurdumyzyň muzeýleriniň we döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işgärleriniň maslahaty geçirildi.


26.06.2020 | Galla oragynyň ýokary depginleri

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde galla oragynyň depginleri barha güýçlenýär. 26-njy iýunda ýene-de ýedi etrap döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.


26.06.2020 | Resmi habarlar

«Aragatnaşyk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň çäginden daşyna iberilmegi gadagan edilýän goýumlaryň sanawy tassyklanyldy.


26.06.2020 | DÖM-ny maliýeleşdirmek temasyna bagyşlanan Halkara forumyň bilelikdäki jemleýji beýannamasy BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi

«Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň orny» atly halkara okuw maslahatynyň işiniň netijeleri boýunça Beýannama


25.06.2020 | Hormatly Prezidentimiz döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň milli ykdysadyýetimize ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işler, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşy we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter