Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

17.07.2015 | Resmi habarlar 17-nji Iýul

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkünçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, şeýle hem 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň geçen 20 ýylda üstünlikli durmuşa geçirilendigini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasy we şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň 2015-2017-nji ýyllary üçin Milli meýilnamasy tassyklanyldy.


17.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna tutanýerli zähmeti bilen ata Watanymyzyň abadançylygyny artdyrýan edermen daýhanlarymyzyň zähmetsöýerligini we döredijilik zehinini şöhratlandyrýan umumymilli Galla baýramy mynasybetli köpsanly gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. <hr id="system-readmore" />Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar we milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine amala aşyrýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler arzuw edýärler.


17.07.2015 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi medeniýetleriň özara baýlaşmagyna hem-de dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


17.07.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 17-nji iýul /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.


16.07.2015 | Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň hormatyna çäreler

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda bolan giňişleýin mejlisinde Türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselä deglip geçip, bu çäreleriň syýasy taýdan uly ähmiýete eýedigine aýratyn ünsi çekdi. Munuň özi olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini şertlendirýär.


15.07.2015 | Türkmen telekeçileriniň çörek önümleriniň sergisi

Aşgabat, 15-nji iýul (TDH) Şu gün, ählihalk baýramynyň - Galla baýramynyň öňüsyrasynda galla önümçiliginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda merkezinde ene topragymyzyň sahylygyny şöhratlandyrýan “Rysgal başy bugdaýdyr” atly sergi boldy. Ýurdumyzyň telekeliçileri tarapyndan öndürilen çörek önümleriniň köp görnüşleri görkezilen bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmenistanyň Zenanllar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan guraldy.


15.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň barşy bilen tanyşdy

Türkmenbaşy, 15-nji iýul /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem deňziň şypahana kenaryna dikuçardan syn etdi.


14.07.2015 | Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesi dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Daşary ýurt metbugatynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bitaraplyk syýasaty esasynda ýurdumyzyň gazananlaryna bagyşlanan makalalaryň sany köpelýär.


14.07.2015 | Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek dowam edýär

Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda bolan giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmegi 2015-nji ýylyň 11-nji iýuly-26-njy awgusty aralagynyda guramak hem-de okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy.


14.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady

Aşgabat-Türkmenbaşy, 14-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter